TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Çaga edebi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy,şadyýan,sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda bolsa Hormatly Arkadagymyz uly işler alyp barýar.

Ähli zat edeplilikden,adamkärçilikden başlanýar. Ýurdumyzda çaga edebine örän uly üns berilýär. Hut şonuň üçin hem halkymyz: “Çaga eziz edebi ondan-da eziz” diýýär. Çagada edebiň ilkinji kemala gelýän ýeri maşgaladyr. Ene-atanyň baş maksady çagalaryny edepli-terbiýeli edip ýetişdirmekdir. Bilim dünýäsi bilen kämillige iterýän ýeri bolsa çagalar bagyndan we mekdepden başlanýar. Çaganyň ene-atasyndan alan terbiýesi onuň edebinde äşgär görünýär. Şeýlelikde, perzent dünýä gelenden soň onuň edepli-terbiýeli bolup ýetişmeginde ene-atanyň üstüne uly borç düşýär. Edepli,sowatly perzendi kemala getirmek üçin bolsa,ilki bilen şol häsiýetler ene-atanyň özünde bolmalydyr. Bu barada bolsa ata-babalarymyz:,,Ogul atadan görelde almasa,myhman almaz, gyz eneden görelde almasa,saçak ýazmaz.”diýip juda jaýdar belläp geçipdirler. Çaganyň edep-terbiýesinde babatda parhsyzlyga ýüz urmak dogry däldir. Çaganyň berýän her bir gürrüňine üns bermek,onuň bilen deň gürleşmek dogry hasaplanýar. Sebäbi käte uly-uly ýalňyşlyklar hem juda kiçijik säwliklerden döräp bilýändir.

Häzirki wagtda hem Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi bilen ýurduň geljegi bolan ýaş nesilleriň bilim-terbiýesine berýän ýokary ünsi netijesinde bu gün olara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak,ugurlaryny giňeltmek , mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda hem uly işler bitirilýär. Bilimiň binýady berk tutulan ýurdumyzda mekdeplerde we çagalar baglarynda bilim almak üçin amatly şertleriň döredilmegi hem her bir ýaş nesliň ukyp başarnygyny artdyrmaga we ösdürmäge uly mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň ylym bilimden paýynyň ýetmegi üçin uly goldaw bolup durýar.

 

Ogulşat HOJAMOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

 uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 Alsgeýmer keseline garşy göreşmek üçin derman tassyklandy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle