TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bütindünýä welosiped güni: welosipediň dünýädäki ähmiýeti

Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna uly üns berilýär. Sagdynlyk, işjeňlik we daşky gurşaw bu üç sözi baglanyşdyrýan, bütin dünýäde tebigatyň, daş-töweregiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan halkara taslamalary nazary alyp, bu günki günde «sportuň haýsy görnüşini iň ekologik diýip atlandyryp bolýar?» diýlen sowala, «elbetde, welosporty!» diýip jogap bermek bolar.

Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ir bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesilleri çäksiz begendirýär, buýsandyrýar.

Ine şu ýerde, ekologiýa taýdan arassa ulag hasaplanýan welosipediň ähmiýetli taraplary barada agzaman geçmek bolmaýar.

WELOSIPEDIŇ DÜNÝÄDÄKI ÄHMIÝETI

Ekologiýa taýdan arassa we sagdyn ulag serişdeleriniň ulanylmagyny höweslendirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny 2018-nji ýylda “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Köp ýurtda welosipedler uglerod ýangyjynda hereket edýän ulaglaryň ýerini tutýar.

Welosipedler barada aýdylanda ilki bilen “welosipedleriň ýurdy” diýlip hem atlandyrylýan Niderlandlar Patyşalygy barada bellemek bolar. 17 million ilaty bolan Niderlandlar Patyşalygynda 23 million welosiped bar.

Niderlandlaryň welosipedçiler birleşigi tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, dünýäde 1 milliard welosiped bolup, onuň 2,3 göterimi bu ýurduň paýyna düşýär. Bu hasabatdan görnüşi ýaly, Niderlandlar Patyşalygynda adam başyna ortaça 1,3 welosiped düşýär.

Esasan işe gitmek we çagalary mekdebe äkitmek üçin ulanylýan welosiped, howa şertlerine garamazdan güýmenje üçin has gowy görülýär. Bu nukdaýnazardan ulanyjylaryň 22 göterimi welosipedi işe gitmek üçin, 18 göterimi mekdebe gitmek we 14 göterimi bolsa söwda üçin ulanylýar. Mundan başga-da, 31% tigirleri güýmenje üçin, 16% -i beýleki maksatlar üçin ulanýar.

Niderlandlar Patyşalygynda welosiped sörümk durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Şonuň üçin bu ýurtda her ýyl takmynan 1 million täze welosiped satylýar. Olaryň ýarysy, elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlerdir, üstündäki batareýanyň kömegi bilen welosiped sürülende goşmaça güýç berýär.

Bu ýurtda 37 müň kilometr welosiped ýodasy bar. Ýurtda welosiped bilen adam başyna her ýyl 888 kilometr menzil geçilýär. Dünýäde bolsa, bir ýylda bu görkeziji 15 milliard kilometre deňdir.

Zenanlar erkeklere garanyňda, welosiped sürmegi has köp saýlap alýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýene-de bir möhüm ýurtlaryndan Ispaniýada 18-64 ýaş aralygyndaky ilatyň 24 göterimi şäher ulaglary üçin hepdede azyndan iki gezek tigir sürmegi makul bilýär. Ispaniýalylaryň 7 göterimi her gün welosiped sürýär. Hökümet 2030-njy ýyla çenli tutuş ýurt boýunça welosiped ulanylyşyny 10 göterime çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Şweýsariýada her 100 hojalygyň 69-synda welosiped bar. Bu ýurtda her ýyl ortaça 320 müň welosiped satylýar hem-de welosiped ýollarynyň uzynlygy jemi 8 müň 500 kilometre ýetýär.

Welosipediň giň gerimde ulanylyp başlan ýurdy bolan Germaniýada 81 million welosiped bar. Ýurtda geçen ýyl 2,3 million welosiped öndürildi. Germaniýa welosiped zerurlyklarynyň 20 göterimini Kambojadan import edýär.

Aýgül Baýramowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Energetika we Inženerçilik desgalary fakultetiniñ Tehnologiki maşynlar we enjamlara taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.

 

Taryhda şu gün: 3-nji iýun

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Teswirle