TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bütindünýä syýahatçylygynyň ýitgisi 3 trillion dollar

Ýewropa Parlamentiniň (EP) prezidenti Deýwid Sassoliniň, Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň, şeýle hem 11 ýurduň syýahatçylyk ministrleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä Syýahatçylyk Forum Instituty tarapyndan gurnalan “Global Syýahatçylyk Forumy” öz işini tamamlady.

Bütindünýä Syýahatçylyk Forum Institutynyň beýanatynda, global syýahatçylyk sammiti Stambulda, Antalýada, Moskwada, Ganada we Angolada şäherlerinde gurnaldy. Forumyň bir bölegi onlaýn görnüşde geçirildi. Syýahatçylyk ekosistemasynyň global çaklamasy bolan forumda 30 ýurtdan 175 dürli syýahatçylyk ýolbaşçylar çykyş etdiler. Bu forum dünýäniň üç yklymynda 18 sagat dowam etdi.

Bu foruma Gabon, Gana, Demokratik Kongo, Kamerun, Çad, Indoneziýa, Eýran, Malaýziýa, Nigeriýa, Bangladeş we Pakistan ýaly döwletleriň syýahatçylyk ministrleri gatnaşdylar.

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Deýwid Sassoli syýahatçylyk pudagy, Ýewropadaky iň uly girdeji çeşmesidigini we geçen ýyl bu pudakdan 11,2% göterim girdeji gelendigini belledi. Syýahatçylyk umumy milli önüminiň 9,5% göterimini tutýandygyny mälim eden Sassoli, käbir maglumatlary belläp geçdi. “Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna görä, 2030-njy ýylda dünýä bazary 41,1 göterime barabar bolar. Bu sanlardan başga-da adamlar medeni mirasy goramalydyr.Ýakyn hyzmatdaşlygyň üsti bilen durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmeli.” diýip nygtady.

Global syýahatçylyk pudagy 2020-nji ýyly pandemiýa sebäpli 3 trillion dollar ýitgi bilen tamamlady. 2021-nji ýylda sanjym işleri, täze tertip we uýgunlaşma arkaly ýitgileriň azalmagyna garaşylýar we 1 trillion dollara barabar bolup biler. Bütindünýä Syýahatçylyk Forum Institutynyň prezidenti Bulut Bagjy: “Syýahatçylyk pudagy 2022-nji ýylda ýitgileriniň öwezini dolar we 2019-njy ýyldaky görkezijisiniň möçberinden 25 göterim has köp ösüş garaşylýar” diýip belläp geçdi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle