TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen duşuşyk

BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragtanşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berildi. Täze görnüşli koronawirus pandemiýasy zerarly sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, taraplar bu howply kesele garşy bilelikdäki tagallalaryň kabul edilmeginiň we netijeli durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerurlygy barada pikir alyşdylar.

Ýurtlaryň ýokanç däl keselleriniň öňüni almakda we olaryň garşysyna göreşmekde gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de bu ugurda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli bilelikdäki hereketleriň, milli hem-de sebitara derejesinde degişli lukmançylyk maglumatlaryna deňderejeli ygtyýarlygyň üpjün edilmeginiň, sebit ýurtlarynyň hünärmenleriniň arasynda bilermenlik ukyplaryny alyş-çalyş etmegiň zerurlygy dogrusynda pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle