SIZDEN GELENLER

Bütindünýä mugallymlar güni.

Her ýylyň 5-nji oktýabry –  Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçirilýär. Bu şanly sene BMG-niň 1994-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky Karary esasynda döredildi. Häzirki wagtda “Bütindünýä mugallymlar güni” dünýäniň 100-den gowrak döwletinde uly dabara bilen bellenilýär.

Bilim boýunça Durnukly ösüş Maksatnamasynyň 4-nji maksadynda bilim edaralarynda ýokary hilli bilimi üpjün etmek barada bellenilip geçilýär. Munuň özi hem, mugallymçylyk käriniň mertebesiniň örän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin irginsiz zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerine minnetdarlyk hökmünde  ýatlap geçmekden ybaratdyr. Şeýle şanly sene mynasybetli bütindünýäde mähriban halypalarymyzy begendirmek, mundan beýläk-de, höwesli zähmet çekmekleri üçin ýaş nesiller, ene-atalar tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Şeýle hem aýdym-sazly konsertler geçirilip, süýjüden-süýji gutlaglar aýdylýar.

Mugallymçylyk hakykatdan hem şahyr aýtmyşlaýyn “Dünýäde iň asylly kär” bolup, şonuň bilen birlikde örän jogapkärçilikli iş. Olar biz ýaşlary özleriniň gije-gündiz çekýän çäksiz zähmeti bilen  beýik geljege taýýarlaýarka, bu şanly senede halypa mugallymlarymyzy sarpalamak we minnetdarlyk bildirmek  biziň mukaddes borjumyzdyr. Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban Halypalarymyz!

                  Mähri Baýramowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Türkmenistanda täze adalat ministri wezipä bellendi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr