2017-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy, Durnukly Ösüş Maksatnamasy tarapyndan kesgitlenen maksatlara ýetmegiň ýolunda döredijilik we innowasiýa mümkinçiliklerine ünsi çekip, Bütindünýä döredijilik we innowasiýa gününi bellemek barada karar kabul etdi. Şondan bäri her ýylyň 21-nji aprelde Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni bellenilýär.
Bu şanly senede Birleşen Milletler Guramasy birnäçe çäreleri ýokary derejede gurnaýar. Dünýäde giňden ýaýbaňlandyrylan durnukly ösüş maksatlaryny täzeçillik, döredijilik ýoly bilen amala aşyrmakda birnäçe işler alnyp barylýar. Bu baýramçylykda adamlary durnukly ösüşiň maksatlary bilen tanyşdyrmak we innowasion tehnologiýalaryny ulanmak ýagny sanly ulgamy ösdürmek bilen bagly birnäçe maslahatlar, mejlisler geçirilýär.
Bu halkara baýramçylygyň döredijileri şeýle senäniň döredilmegindäki ähmiýeti her ýyly 22-nji aplrede bellenilýän “Halkara ýer ene güni” hem-de 15-nji aprelde bellenilýän beýik alym, akyldar we oýlap tapyjy Leonardo da Winçiniň doglan güni bilen baglanyşdyrýarlar.
Birinjiden, Halkara ýer ene güni bilen baglanyşdyrylmagy biziň ählimiziň öýümiz bolan Ýer şaryny gorap saklamak üçin täze döredijilik we innowasion çemeleşmelere has möhüm orun degişli bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ikinjiden bolsa, beýik alymyň ylym we döredijilik babatda goşan ägirt uly goşantlarynyň ähmiýeti öňe çykýandygy bilen baglydyr.
Bu baýramçylyk döredijilik bilen medeniýetiň özara sazlaşygydyr. Döredijilik industriýasynyň ýeke-täk kesgitlemesi ýok. Bu hemişe kämilleşýän konsepsiýadyr. Ol hem adamzadyň döredijiliginiň we pikirleriniň intellektual eýeçilik, ylym-bilim we tehnologiýalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Şunuň bilen baglylykda, döredijilik industriýasy ykdysady hojalyk gatnaşyklarynyň bilim bilen baglanyşdyrylmagynyň esasynda has-da kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde ylym-bilim hem-de innowasion tehnologiýalaryň ýokary depginde ösýän döwründe döredijilik ykdysadyýeti hem kemala gelýär. Ol hem öz gezeginde audiowizual önümler, diýazn, täze mediýa, ýerine ýetiriji sungat, neşirýat işi we şekillendiriş sungaty ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu hem dünýä ykdysadyýetinde täze pudak bolmak bilen, girdeji gazanmak, täze iş orunlary döretmek we eksport mümkinçilikleri artdyrmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Medeniýet, durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup, şahsyýet we jemgyýet üçin şahsyýetiň, täzeligiň we döredijiligiň çeşmesidir. Şol bir wagtyň özünde, döredijilik we medeniýet, halkyň arasynda öz içine alyjy durmuş ösüşe, gepleşiklere we düşünişmäge goşant goşýan çemeleşmedir. Häzirki wagtda döredijilik pudaklary ösýän ýurtlara dünýä ykdysadyýetiniň täze çalt ösýän ugurlaryna goşulmak üçin täze mümkinçilikler berýän dünýä ykdysadyýetiniň iň okgunly pudaklaryndan biridir.
Ejeş Taganowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.