TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Bütindünýä banky boýunça dünýäniň ykdysady görkezijileri

Bütindünýä banky dünýäniň ykdysadyýeti babatda täze görkezijileri çap etdi. Şoňa laýyklykda, koronawirus ýokanjy sebäpli 2020-nji ýylda dünýän ykdysadyýeti 5,2 göterim pese gaçar. Iýun aýynyň hasabatyna görä, ählumumy ykdysady görkezijiler Beýik Watançylyk urşundan bäri iň erbet çökgünligiň emele gelendigi bellenilýär.

Bankyň “Ählumumy ykdysady görnüş” atly beýannamasynda ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysady işjeňligi 7 göterim peseler. Ösüp gelýän ýurtlarda bu görkezijisi 2,5 göterim bolar. Russiýanyň ykdysadyýeti koronawirus epidemiýasy sebäpli nebitiň bahalarynyň pese gaçmagy bilen 6 göterim peseler.

Adam başyna düşýän girdejiniň 3,6% azalmagyna garaşylýar. Bütindünýä banky ýanwar aýyndaky çaklamalarynda dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 2,5 göterim ösjekdigini çaklady.

Bankyň hasabatynda 2021-nji ýyldaky global ykdysady ösüş çaklamasy 2,6 göterimden 4,2 göterime çenli ýokarlandy.

Ösen ýurtlaryň toparyndaky ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň şu ýyl 6,1 göterim azaljakdygy we indiki ýyl 4 göterim ösjekdigi çaklanylýar. Beýleki tarapdan, Ýewro sebitiniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 9,1 göterim azaljakdygy we indiki ýyl 4,5 göterim ösüş görkezjekdigi kesgitlenildi.

Ýaponiýanyň ykdysadyýeti şu ýyl 6,1 göterim pese gaçsa-da, indiki ýyl 2,5 göterim ösjekdigi baradaky çaklama hasabatda orun aldy. Hytaýyň şu ýyl ykdysady ösüş çaklamasy 5,9 göterimden 1 göterime çenli azaldy. Geljek ýyl Hytaýyň ykdysadyýetiniň 6,9 ösjekdigi çaklanylýar.

Hasabatda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,8 göterim peselip, 2021-nji ýylda 5 göterim ýokarlanjakdygy çaklanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle