SIZDEN GELENLER

Bütindünýä awtoulagsyz güni

Her ýylyň 22-nji sentýabrynda Bütindünýä awtoulagsyz güni bellenilip geçilýär. Dünýäniň köp sanly ýurdunda bellenilýän bu sene jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak, pyýada ýöremek we welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň görnüşinden peýdalanmak ýaly başlangyçlaryň iş ýüzünde amala edilmegi üçin döredildi.

Bu günüň esasy şygary: “Şäher adamlar we durmuş üçin giňişlikdir” diýen taglymata esaslanýar. Soňky ýyllarda ulaglaryň sanynyň köpelmegi şäherlerde käbir meseleleri öz ýanynda getirýär. Şol bir wagtda awtoulaglar belli bir derejede tebigata hem özüniň täsirini ýetirýär. Käbir statistiki maglumatlara görä, her gün diýen ýaly 3 müňden gowrak adam awtoulag heläkçiliklerindne ejir çekýär.

Şunuň ýaly ugurlar nazarda tutulyp, döredilen bu gün Ýer şarynyň ekologiýasy babatda hem örän uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiligi howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin giň tagalla edýär.

Biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda awtoulagsyz günleri geçirmek däbe öwrüldi. Bu asylly çäre hem howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga we adamlarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda “Welosiped” binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 döwlet çykyş etdi.

Ilýas Begenjow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Jon Keho: şatlanmaklyk- Islendik zady edip biler

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watan geljegi

Nesil terbiýesinde hereketli oýunlar

Änew medeniýetiniň özboluşly waspy

Ata Watan Eserleri

Magtymguly – Gündogaryň danasy

Pyragy – ýüreklerde orun alan şahyr

Ata Watan Eserleri