TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan “Burj Halifanyň” ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwşün atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly aýdyň nyşany boldy.

Ýokarlygyna inçelip gidýän 180 metrlik ýalpyldaýan bölegi metal gurnamalaryndan ybarat bolan, başy asmana direýän bu belent bina Dubaýyň işewürlik merkeziniň esasy nyşanydyr. Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň hormatyna atlandyrylan bu binanyň dabaraly açylyşy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirildi.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Emirlikleriň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarydyr taslamalary bilen baglanyşyklydyr.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle