TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Burak Özçiwitiň ekizi bar eken

Türkiýeli meşhur aktýor Burak Özçiwitiň ekizi tapyldy. Bu barada «RusTurkey.com» saýty habar berdi.

Habarda aýylyşy ýaly, surata alnyp meýdançasyna Burak Özçiwitiň ýanyna garaşylmadyk ýagdaýda türkiýeli model Burak Han geldi.

Meşhur aktýora juda meňzeýän başga bir adamyň bardygy bu ýerdäkileriň ählisini haýran galdyrdy. Aýdylyşy ýaly, Burak Han Özçiwitden 10 ýaş kiçi. Ýöne olar biri-birine juda meňzeş. Muňa olaryň dostlary hem haýran galýarlar.

Özçiwit atdaşynyň özünden görnüş boýunça käbir zatlary nusga edinendigini aýdýar. «Bolup biljek zat. Han maňa öýkünýär, saç-sakalyny meniň bejerdişim ýaly bejerdýär. Ol meniň hereketlerimi hem gaýtalaýar» diýip, ol bu ýagdaý baradaky pikirlerini beýan etdi.

Han we Özçiwitiň bilelikdäki mahabat filminde olary tapawutlandyrmak režissýora hem kyn düşdi. Bu meňzeşlik babatynda Han Özçiwit bilen pikirdeş däl:

«Men Özçiwite düşünýärin, ol ýeke-täk bolmagy halaýar. Bu her bir aktýor üçin mahsus häsiýet. Ýöne men hiç kime öýkünemok. Şonuň üçin surata alyş meýdançasyndaky meňzeşlik üçin ynjalykdan gaçamok».

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle