TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Bundesliganyň” iň çalasyn futbolçysy

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyñ 21 ýaşly goragçysy Aşraf Hakimi “Bundesliga” çempionatynyñ iñ çalasyn oýunçysy hökmünde kabul edildi. Bu barada “Goal.com” internet neşiri habar berýär.

Hakimi ilkinji gezek iñ çalasyn oýunçylaryñ sanawyna girdi. Ol “Bundesliga” çempionatynyñ 16-njy tapgyrynda geçirilen “RB Leýpsig” duşuşygynda 36,20 km/s ýokary tizligi geçmegi başardy we ol duşuşyk 3:3 hasaby bilen tamamlandy. 20-nji tapgyrda Dortmund “Signal iduna park” stadionynda “Ýunion Berlin” toparyny kabul etdi. Bu duşuşykda Hakimi tizligini has-da ýokarlandyrdy, ol 36,49 km/s tizlige ýetip, özüniñ rekordyny täzeledi.

2011-nji ýyldan girizilen täze statistika laýyklykda, “Bundesliganyñ” iñ çalasyn oýunçylaryñ top-10-nyñ sanawy:

1. Aşraf Hakimi (36,49 km/s)

2. Rabbi Matondo (35,97 km/s)

3. Kingsli Ehizibu (35,85 km/s)

4. Kingsli Koman (35,66 km/s)

5. Jerri Sen-Jýust (35,60 km/s)

6. Fabian Jonson (35,50 km/s)

7. Pýer-Emerik Obameýang (35,44 km/s)

8. Şeraldo Bekker (35,43 km/s)

9. Lukas Klýunter (35,40 km/s)

10. Artýom Rudnew (35,39 km/s)

11.  Ýan Rozental (35,39 km/s)

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle