TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Buhara şäheri Türk dünýäsiniň ýaşlar paýtagty boldy

Özbegistanyň Buhara şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) IV Ýaş liderler forumy başlady.

Forumyň ilkinji gününde TDG-niň Baş sekretary Bagdad Amreýew, “Baýkar tehnologiýa” ýolbaşçysy Selçuk Baýraktar, Türkiýaniň Ýaşlyk we sport ministriniň kömekçisi Halis Ýunus Ersöz, Özbegistanyň Ýaşlyk işleri agentliginiň (ÝIA) ýolbaşçysy Alyşir Sadullaýew, Buhara welaýatynyň häkimi Batyr Zaripow we beýleki ençeme kärhanalaryň işgärleri, ýaşlar çykyş etdi.

Şol gün Buhara welaýatynyň häkimi Zaripow, TDG-niň Baş sekretary Amreýew we ÝIA-nyň ýolbaşçysy Sadullaýew türk dünýäsinde 2022-nji ýyly “Ýaşlaryň oýlap tapyşlaryny goldamak ýyly” diýip atlandyrmak we Buhara şäherini TDG-niň Ýaşlar paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky şertnamalara gol çekdiler.

 

 

Taryhda şu gün: 4-nji iýun

Ýene-de okaň

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle