SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-niň wekiliýeti Türkmenistana geler

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň Ýokanç keseller, daşary gurşaw we saglyk bölüminiň direktory Robb Batleriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar.

BSGG-niň wekiliýeti 12-13-nji martda Aşgabatda bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Daşary işler ministrliginde, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar bilen gepleşikler geçirer. Gepleşiklerde BSGG bilen Türkmenistanyň arasynda saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak babatdaky hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

– Türkmenistan 1992-nji ýyldna bäri BSGG-niň Ýewropa sebitiniň bir bölegidir. 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýurduň saglygy goraýyş hünärmenleri bilen BSGG-niň tehniki bilermenleri bilelikde iş alyp baryp, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatlary has-da giňetlmek ugrunda tagalla edýärler. Meniň saparym üstünliklerimizi berkitmegi we Türkmenistanyň halky üçin has gowy we sagdyn gelejek üçin täze başlangyçlary goldamagy maksat edinýär – diýip, Batler belläp geçdi.

Bu barada BSGG-niň guramasy habar berýär.

Ýene-de okaň

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi