TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Braziliýada 50 ýyldan soňra täze çempion

Braziliýanyň futbol çempionatynda täze çempion peýda boldy. Ol hem Belu-Orizonti şäheriniň “Atletiko Mineýro” toparydyr. Bu topar Braziliýanyň “Seria A” milli futbol çempionatynda soňky gezek 1971-nji ýylda çempion bolupdy.

  • “Atletiko Mineýro” topary 50 ýyldan soňra täzeden çempion bolmak bagtyna miýesser boldy.
  • “Atletiko Mineýro” topary geçen möwsümde hem çempionlyga dalaş edipdi. Topar Horhe Sampaoliniň tälimçiliginde oňat netije görkezse-de, çempiondan 3 utuk yzda galdy. Horhe Sampaoli bşga topara gitdi. Onuň ýerine braziliýaly Kuka bellendi.
  • Kukanyň ýolbaşçylygynda “Atletiko Mineýro” topary braziliýaly Halky satyn aldy. Ol bu möwsümde gowy netije görkezip, 18 gol geçirdi we çempionatda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda birinji orny eýeleýär.
  • “Atletiko Mineýro” topary 50 ýyldan soňra gazanan çempionlygy bilen «Falmengo» we «Palmeýras» toparlarynyň çempionlygynyň öňüne geçdi. Ady agzalan soňky 2 topary soňky 3 ýyldan bäri çempionlyk ugrunda esasy toparlar bolup durýardy.
  • Braziliýanyň iň gadymy we abraýly toparlarynyň biri bolan “Atletiko Mineýro” topary çempionatyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galandygyna garamazdan, çempionlygyny yglan etdi. Munda ozal, Russiýanyň “Zenit” toparynda, soňra Hytaýda oýnan Halkyň paýy uludyr.

Ýanwar-noýabr aýynyň makroykdysady görkezijileri

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle