TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Braziliýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Braziliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Kolumbiýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, saýlaw tapgyrlarynyň gutarmagyndan ozal dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 72-nji minutda Lukas Paket öz adyna ýazdyrdy. Şeýle hem Günorta Amerika yklymyndaky beýleki duşuşyklarda Ekwador Wenesuelany 1:0 hasabynda, Çili bolsa Paragwaýy 1:0 hasabynda utdy.

12 duşuşygyň 11-sinde ýeňiş gazanan Braziliýanyň ýygyndysy Katardaky çempionata gatnaşar. Braziller öz toparçasynda 34 utuk toplady. Ikinji orundaky Argentinanyň 25 utugy, üçünji orundaky Ekwadoryň 20 utugy, Çili bilen Kolumbiýanyň degişlilikde 16 utugy bar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa yklymynda Germaniýa bilen Daniýa Katardaky dünýä çempionatyna çykyş etmek hukugyny wagtyndan öň gazanan toparlar bolupdy.

Şeýlelikde, häzirki wagtda ýer eýeleri Katar, Germaniýa, Daniýa we Braziliýa dünýä çempionatynda çykyş etmek hukugyna eýe bolan toparlardyr.

 

Dünýäde iň ir doglan bäbejik

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle