TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Braziliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi öz işine başlady

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyp, taraplar türkmen-brazil hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlary guramak we türkmen-brazil syýasy geňeşmeleri geçirmek meseleleri teklip edildi.

Şeýle-de taraplar energetika, ulag, syýahatçylyk ýaly pudaklardaky hyzmatdaşlygyň  geljekki ösüşi maksatly iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar iki ýurduň medeniýetleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän Medeniýet günleriniň, foto sergileriň we beýleki çäreleriň guralmagyny teklip etdiler.

Duşuşygyň dowamynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Marsiýa Donner Abreu öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle