TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«BOSS» ― täze witaminli içgi

Türkmenistanda witaminli içgileri öndürijileriň hataryna telekeçi Meretguly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana hem goşuldy. «Ak Ýol» söwda belgili kärhana «BOSS» atly täze witaminli içgisini önümçilige goýberdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynyň hem habar berşi ýaly, täze içgi 0,4 litrlik gaplara gaplanandyr. Onuň düzümine Ýanbaş dag çeşmesiniň suwy we tebigy ingreddiýentler girýär. Täze witaminli içgi eýýäm ýurdumyzyň söwda nokatlaryna paýlanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde dürli alkogolsyz içgileriň önümçiligi 2006-njy ýyldan bäri alnyp barylýar. Häzir bu ýerde dürli görnüşli içgileriň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär.    

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle