TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Bosch” kompaniýasynyň geljekdäki elektrik tigiri

“Bosch” kompaniýasy elektrik tigirleriniň ulgamynyň 10 ýyllyk ýubileýini belleýän döwründe, geljekde öndürmek isleýän welosipedi bilen tanyşdyrdy. Geljekde öndürmek isleýän tigiriniň reňki suratda hem synlaýşymyz ýaly ak we gara reňkleriň özara sazlaşmagy esasynda dörediler.

Welosipediň tormozy öňki we yzky tigirler üçin gurnalan. Olaryň tormoz simleri ýörite päsgel bermezlik üçin ýygnalan görnüşinde döredildi.

“Bosch” kompaniýasy elektrik welosipedini haçan öndürjekdigini mälim etmedi. Ýöne kompaniýa häzirki wagtda elektrik tigirler üçin şeýle dizaýyny bilen köpçülikleýin tanyş eden bolsa, bu welosipediň önümçilik işiniň ýakynda alnyp baryljakdygy çaklanylýar.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle