DÜNÝÄ

Boş zalda 1 million tomaşaçy

Häzir dünýäniň köp döwletinde hereket çäklendirmeleri dowam edýär. Şeýle bolansoň, teatrlar hem onlaýn usulda hyzmat etmeli bolýarlar. Şol hyzmatlaryň çäginde käte garaşylmadyk netijeler hem gazanylýar.
Russiýanyň «Uly teatry» tarapyndan sahnalaşdyrylan «Guwly köl» atly operasy teatryň YouTubedäki kanaly arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Şeýlelikde, bu balete onlaýn tomaşa edenleriň sany 1 million adamdan geçdi. Şeýlelikde, teatryň artistleri boş zalyň garşysynda, ýöne 1 million tomaşaçynyň öňünde eseri ýerine ýetirmeli boldular.
Teatryň bu başlangyjy sungatyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Şondan soň «Uly teatr» her hepdäniň belli günlerinde agşam sagat 19-da (oýunlaryň adaty başlanýan wagtynda) onlaýn görkezilişlere başlady. Ilkinji günlerden başlap, her görkezilişe millionlarça adam onlaýn usulda tomaşa edýär.

Ýene-de okaň

Dewid Kameron palow tagamyna haýran galdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gruziýada saparda bolýarlar

Abu-Dabide Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Ertir Parižde Türkmenistanyň göçme energetika forumy öz işine başlar

Özbegistan bilen Beýik Britaniýa täze resminamalara gol çekişdi

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi