«Bolliwudyň» meşhur ýyldyzlary kino dolanýar

Hindi kinolarynyň muşdaklary üçin hoş habar: çagalygymyzyň Aýşwariýa Raý Baççan, Dimple Kapadiýa, Bobbi Deol, Madhuri Dikşit ýaly ýyldyzlary birnäçe ýyldan soňra ýene ekranlara dolanýar. Eýsem, olar nähili taslamalar, kimleriň teklipleri bilen gelýär? Sowalyň jogaby habarymyzda.

Aýşwariýa Raý Baççan

2018-nji ýylda surata düşürilen «Fanni Han» filminiň şowsuzlygyndan soňra birsalym ýitip giden aktrisa 3 ýyl bäri hiç ýerde görünmedi. Emma bilen işleşmegi halaýan režissýorlarynyň biri ony «Ponniýin Selwan» atly taryhy dramada surata düşmek üçin çagyrdy. Şeýle-de, «Bolliwudyň» meşhur ýyldyzyny Sanjaý Lila Bhansali hem «Heera Mandi» atly filminde surata düşürmek üçin çagyrdy.

Dimple Kapadia

Dimple baş keşbini janlandyran «Subutnama» atly filminiň şowly çykmagyndan soňra, mundan beýläk köp bölümli filmlerde surata düşmäge has ýakyn. Şeýle hem hem «Amazonyň» «Tandav» taslamasynda Saif Ali Han bilen bilelikde çykyş etmegine garaşylýar Mundan başga-da, ol «Patan» we «Brahmastra» filmlerinde Şahruh Han bilen bilelikde çykyş eder.

Okap bilersiňiz  “Mamma Mia” kinosynyň täze bölümi

Bobbi Deol

Režissýorlar tarapyndan aktýoryň ýaramaz häsiýetli keşpleri ýerine ýetirmegi islenilýär. Şonuň üçin hem ol ýakyn wagtda Ranbir Kapuryň «Haýwan» atly taslamasynda erbet adamyň keşbini ýerine ýetirer.

Madhuri Dikşit

Madhuri janköýerler tarapyndan köpden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşylýardy. Ýakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri aktrisanyň halaýan režissýorlary Sanjaý Lila Bhansaliniň, Aditýa Çopranyň we Karan Joharyň çakylygyny kabul etjekdigini ýazýarlar. Bu režissýorlaryň üçüsi hem täze taslamalarynda bir keşbi hökman Madhuri Dikşite niýetlärler.

Farhan Ahtar

Farhan soňky keşbini 2019-njy ýylda «Gülgüne asman» dramasynda ýerine ýetirdi. Şu ýyl ol režissýor Rakeş Omprakaş Mehranyň «Tupan» atly filminde baş keşbi janlandyrar.

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda