TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Bolliwudyň iň gymmat üç filmi

2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Eýsem, şu ýylda dünýäniň iň iri kinoşäherçeleriniň biri bolan Bolliwudda surata düşürilen filmleriň haýsy birine has köp çykdajy edildikä? Internet maglumatlaryna ýüzlenip, ýylyň dowamynda girdejisi iň kän bolan üç film barada maglumat aldyk. Ýöne maglumatlarda filmlere çykarylan serişdeleriň mukdary görkezilmän, sebäpleri barada aýdylýar.

1. Padmawati ― eger, filme tomaşa etmek mümkinçiligiňiz bolan bolsa, onuň näme üçin ýylyň iň gymmat filmleriniň sanawynyň birinji basgançagynda goýlandygyna özüňiz hem düşünersiňiz. Onda ulanylan her bir effekt, detallar we enjamlar filmiň täsirli bolmagyna goşant goşupdyr. Filmiň reŽissýory Sanjaý Leýela Bhansali görnüşleriň täsirli we hakykata has ýakyn bolmagy üçin birjik-de serişde gaýgyrmandyr.

2. Hindistanyň perzentleri ― filmde görkezilen obýektleriň her birini dizaýnerler onuň surata düşürilmeginden üç ýyl ozal işläp başladylar. Hut şu film üçin agyrlygy 200 tonnadan hem geçýän iki sany gämi ýasaldy. Diňe şu gämileriň gurluşygyna 1000-den gowrak adam gatnaşdy. Elbetde, bu işe dünýäniň iň öňdebaryjy gämigurluşyk kompaniýalary hem çekildi.

3. Bharat ― baş keşplerini Salman Han bilen Katrina Kaif ýerine ýetirýän filmde köp sanly kraterlerden peýdalanyldy. Olaryň bahasy hernäçe gymmat bolsa-da, filmi surata düşürijiler bahasyndan gaýtmadylar. Şeýlelikde, ýylyň iň gymmat üçünji filmi ― «Bharat» emele geldi.

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle