TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Gresiýa bilen Bolgariýany biri-birine baglanyşdyrýan gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Bu gaz geçirijisi Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýanyň Günorta-Gündogar Ýewropa döwletlerine tebigy gaz ibermäge mümkinçilik döreder.

Gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde geçirildi. Interkonnektor gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryndan Ursula fon der Lýaýen we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy.

Turba geçirijisi Bolgariýany Günorta gaz koridoryna birleşdirýär. Onuň uzynlygyny 200 kilometre deňdir. Bu geçiriji arkaly 3 milliard kubmetr tebigy gaz ibermek göz öňünde tutulýar. Geljekde onuň kuwwatyny 5 milliard kubmetre ýetirmek göz öňünde tutulýar. Häzirlikçe, bu turba geçiriji arkaly Azerbaýjanyň ýangyjyny Bolgariýa bilen bir hatarda Serbiýa, Demirgazyk Makedoniýa we Rumyniýa alar. Geljekde Moldowa bilen Ukraina hem göz öňünde tutulýar.

2022-nji Azerbaýjanyň tebigy gaz eksporty 22 milliard kubmetre deň bolar. Onuň 11,5 milliard kubmetri Ýewropanyň sarp edijilerine iberiler. 2021-nji ýylda Ýewropa iberilen azerbaýjan tebigy gazynyň möçberi 8,2 milliard kub metre deň boldy. Bu hem 2022-nji ýylda tebigy gazyň iberiliş möçberiniň 40 göterim artdyryljakdygyny aňladýar.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle