JEMGYÝET

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Ol Aşgabat şäherinde geçirilen raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda hanym Ruwendrini Menikdiwela hormatly Prezidentimize BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň degişli sertifikatyny gowşurdy hem-de bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şunuň bilen baglylykda bu resminamada Müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar etmek bilen, ýurdumyzda hemmelere üçin raýatlyga bolan hukuklaryny goramak işinde gazananlaryna ýokary baha berýändigi bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, «Bosgunlaryň statusy hakynda» Konwensiýanyň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada «Apatridleriň statusy hakynda» we «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalara goşulan ilkinji ýurt boldy.

Soňky ýyllaryň dowamynda döwletimiz 32 müňden gowrak adamlara,  şol sanda bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk berdi. Şeýle hem 5000 müňden gowrak daşary ýurtlaryň raýatlaryna ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi.

Ýene-de okaň

Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň täze sebit merkezi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy