TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň 45-nji umumy mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan “Parahatçylyk medeniýeti” 14-nji madda laýyklykda hödürlenen “2023-nji ýyl, parahatçylygyň kepili hökmünde halkara dialog ýyly” başlangyjy goldap, degişli kararnama kabul etdi.

Türkmen wekiliýeti bu kararnamanyň taslamasyny hödürlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň dekabrynda geçirilen “Parahatçylyk  we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy ilkinji gezek öňe sürdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti “2023-nji ýyl, parahatçylygyň kepili hökmünde halkara dialog ýyly” atly rezolýusiýasynyň taslamasynyň ähli konstruktiw pikirleri we teklipleri göz öňünde tutup, BMG agza ýurtlaryň arasynda geçirilen köp sanly maslahatdan soň taýýarlanandygyny aýtdy.

Bu resminama BMG Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek ýörelgelerini öz içine alýar.

Kararnamanyň taslamasyny hödürlän Türkmenistanyň wekiliýeti 11-nji dekabrda Türkmenistanda “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we ähli ýurtlary bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Pikir alyşmalardan soňra bu kararnama biragyzdna akbul edildi. Gurama agza döwletleriň 68-si bu kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle