DÜNÝÄ

BMG-niň Syýahatçylyk guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkider

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly Halkara maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (BMG-Syýahatçylyk) Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Halkara maslahata gatnaşmaga geleni üçin Guramanyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirilensoň, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi diýen mowzuk boýunça jikme-jik pikir alyşmalar boldy. Syýahatçylyk boýunça bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amal etmegiň ugurlary, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Akademiýasy bilen bilelikde syýahatçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Ýüpek ýoly maksatnamasynyň çäginde ýärdam bermek, iki tarapa-da gyüykly bolan meseleler, ýagny marketing we aragatnaşykda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-Syýahatçylyk guramasynyň 2024-nji ýylyň 8-nji martynda döredilen “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gatnaşmak meselesi jikme-jik seredildi. Bu geňeş Türkmenistanyň global başlangyçlara we kompanialara goşulmaga we öz goşandyny goşmaga, şeýle hem bilelikdäki taslamalary we meýilnamalary işläp düzmek boýunça guraly bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda 2024-2025 ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny işläp düzmäge we ýerine ýetirmäge gatnaşmak meselesine hem seredildi.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi