TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasy öz işine başlaýar

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy nobatdaky 75-nji sessiýasy wirtual görnüşde geçiriler diýip, BMG-niň habar gullugy habar berýär. Şu gün başlanjak Baş Assambleýa barada 5 möhüm wakany size hödürleýäris:

  1. 1. Çykyş etmeli ýolbaşçylaryň çykyşlaryň ýerine – öňünden ýazylan wideo ýazgylary.

Dünýä liderleriň köpüsi bu ýyl Nýu-Ýork şäherine gelip bilmezler. Ýurtlaryň Baştutanlary bir hepdäniň dowamynda BMG-niň baş edarasyndan ýaýlyma beriljek wideo habarlaryny öňünden ýazga geçirerler. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Baş Assambleýanyň münberinden çykyş eder, emma mejlisler zalyna her döwletden bir agza goýberiler. Şeýle hem guramanyň ştab-kwartirasynda diplomatlaryň we syýasatçylaryň aralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilmeýär – diýip, BMG guramasy habar berýär.

  1. 2. BMG-niň 75 ýyllygy

Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soňra, ýagny 1945-nji ýylda esaslandyrylýar we bu gezek öziniň 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. Şu pursatdan peýdalanyp, 21-nji sentýabrda mejlisden bir gün öň, ştab-kwartirada ýokary derejeli duşuşyk gurnalar, ol hem wirtual görnüşde geçiriler.

  1. 3. Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegine bäş ýyl.

Durnukly ösüş maksatlary, 17 sany umumyadamzat maksady bolup, olaryň durmuşa geçirilmegi dünýäni has hem gowulaşdyrar. Durnukly ösüş maksatlary olar: Garyplygy we açlygy ýok etmek, ýokary hilli bilime we saglygy goraýyşa ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek ýaly köp sanly möhüm ugurlary öz içine alýar.

  1. 4. Biodürlüligiň ýitmegi.

Planetamyzda haýwanlaryň we ösümlikleriň milliondan gowrak görnüşi ýitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Iki millard gektar ýer hasyllylygyny ýitirdi. Şu ýyl biodürlüligi goramak hakda Hytaý döwletiniň Kunmin şäherinde halkara sammitde ara alnyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýärdi, emma pandemiýa sebäpli bu sammit 2021-nji ýylyň maý aýyna geçirildi.

  1. 5. Zenanlaryň hukuklary baradaky Pekin jarnamasynyň 25 ýyllygy

Şu ýyl Pekin jarnamasynyň we Hereket platformasynyň kabul edenlerine 25 ýyl dolýar. Bu gender deňligi babatynda iň möhüm halkara resminamalarynyň biridir. Dünýäde hiç bir ýurt jarnamanyň ýörelgelerini doly durmuşa geçirip we deňlige ýetip bilmedi diýip, Birleşen Milletler Guramasy belleýär. Meselem, dünýä hökümet işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň diňe 25 göterimi zenanlardan ybaratdyr.

Umumy syýasy çykyşlar 22-nji sentýabrda başlanar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle