TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar. Ençeme ýylyň dowamynda emele gelen däbe görä, halkara durmuşyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan nobatdaky syýasy möwsümde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Türkmen diplomatiýasynyň tapawutly aýratynlygyna öwrülen şeýle açyklyk, häzirki zaman dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşikde ýokary baha mynasyp bolmak bilen, Milletler Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitarap döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Möhüm şanly senä — Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň işiniň esasy ugry ählumumy derejede pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden hem-de goramakdan ybarat bolar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle-de onuň kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar. Ýurdumyz şol ýöriteleşdirilen düzümleriň agzasy bolup durýar.

Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň umumy prosesiniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogyň binýadyny döretmegi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň ähmiýetini bellemek bilen, onuň düzgünnamalaryna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürleýär.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryna möhüm ähmiýet bermek hem-de 2022-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi, bu resminamada soňky ýyllaryň möhüm wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek bilen bagly wakany beýan etmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda ynanyşmagy, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogyň medeniýetini dikeltmek jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşmäniň, ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmegi hem-de bähbitleriň deňagramlylygyny saklamak üçin mümkinçilikleri gözlemegiň esasy şertleriniň biri hökmünde köpugurly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygynyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar. Biziň ýurdumyzyň garaýşyna görä, şeýle resminamanyň kabul edilmegi arkaly BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, näderejede çylşyrymlydygyna garamazdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmegiň parahatçylykly, gepleşikler usulyna pugta we şübhesiz ygrarlydygy tassyklanylar.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ykrar edilmegine, 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama daýanyp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine BMG-niň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjylaryň sanyny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlary bilen işjeň işleşmegi dowam etdirer.

Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berýär, şol sanda zenan parlamentarileriň ornuny ýokarlandyrmak, olary halkara syýasat ulgamynda döwlet çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň çekmek ugrunda çykyş edýär.

Ýurtlaryň barha köpüsini hem-de tutuş sebitleri çalt gurşap alýan azyk çökgünligi häzirki wagtda ählumumy howpsuzlygyň tutuş ulgamyna abanýan uly wehim bolup durýar. Şu şertlerde Türkmenistan emele gelen ýagdaýy ýeňip geçmek boýunça gaýragoýulmasyz we netijeli çäreler ugrunda çykyş edýär. Ählumumy azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň bu ugurdaky tagallalaryny goldap, Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edilýär.

Türkmenistan ykdysady we durmuş taýdan ösüş üçin ählumumy wehimleri döredýän, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde barha artýan çökgünlik ýagdaýlaryny, iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň gatnaşyklaryndaky durnuksyzlygy nazara alyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygy we durnuklylygy hakynda kabul eden Kararnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmäge gaýdyp gelmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň energiýa serişdeleriniň durnukly, ygtybarly üstaşyr iberilmegini düzgünleşdirmek boýunça häzirki zaman halkara hukuk guralyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky ozal hödürlän teklibini durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdiriler.

Öňdäki mejlisiň dowamynda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda ylalaşyklary ýerine ýetirmäge gönükdirilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirer. Hususan-da, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi seljermegiň köptaraplaýyn gurallaryny goldap, 2023-nji ýylda geçiriljek ýokary derejeli Syýasy forumyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ikinji meýletin Milli syny bilen tanyşdyrar.

Köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça işler dowam etdiriler. Türkmenistan 2016-njy we 2021-nji ýyllarda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatlaryň, soňky ýyllardaky beýleki ýokary derejedäki ulag forumlarynyň, şol sanda şu ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň netijelerini umumylaşdyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistan Aral meselesiniň BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlenilmegini gazanmak ugrundaky tagallalaryny tutanýerli dowam etdirer. 2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri täzeden dowam etdirmegi maksat edinýäris. Bu Kararnama geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasyny we düzümini tassyklamaga gönükdirilendir.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça ählumumy strategiýany, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýada geçiriljek wodorod energetikasy boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistan bu teklipler babatda geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Biziň ýurdumyz ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, olaryň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmekde, lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ýola goýmakda halkara tagallalary birleşdirmek boýunça işini dowam etdirer. Türkmenistan ählumumy saglygy goraýyş ulgamyndaky umumy wehimlere garşy durmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meýdançasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasydygyny nygtamak bilen, BSGG-niň işläp taýýarlan «Bitewi saglyk» ählumumy konsepsiýasyny goldaýar hem-de Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamagyň 2022 — 2025-nji ýyllar döwri üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde bu konsepsiýany öňe sürer.

Geljekki mejlisiň dowamynda Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine, dünýäniň syýasy, ykdysady, durmuş, ekologik gün tertibiniň adamlaryň anyk aladalaryna, isleg-arzuwlaryna we kanuny bähbitlerine strategik taýdan gönükdirilmegine, olaryň ýaşaýşa, howpsuzlyga, doly derejede iýmitlenmäge, arassa suwa hem-de howa, ygtybarly ýylylyk we ýagtylyk çeşmelerine, ýokary hilli, gymmat bolmadyk bilim almaga hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna bolan kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berer.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hyzmatdaşlykda toplan tejribesine esaslanyp hem-de ynsanperwerlik gün tertibiniň yzygiderli giňeldilmeginden ugur alyp, BMG-niň şu ugurdaky ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklaryny ösdürer.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisindäki ileri tutýan garaýyşlary, öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri ýurdumyzyň halkara hukugyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyna, BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanandyr. Bu resminama ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we deňhukukly howpsuzlygy pugtalandyrmak, BMG-niň ynsanperwer ýörelgelerini hem-de taglymlaryny berkarar etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak üçin ähli zerur tagallalary etmäge jogapkärçilikli, açyk we aýgytly çemeleşýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine Türkmenistan geljekki iş üçin anyk gurallary hem-de dünýägaraýyş esaslary, döredijilikli, başlangyçly gün tertibi, aýdyň ugurlary we döwlet Baştutanynyň anyk kesgitlän maksatdyr wezipeleri bilen barýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle