TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Infokommunikasiýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi 2020/2021-nji okuw ýy­ly üçin aşak­da­ky hü­när­ler bo­ýun­ça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär.

  1. Buhgalterçilik işi — 1,5 ýyl;
  2. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi — 1,5 ýyl;
  3. Kompýuter torlaryny sazlaýjy — 1,5 ýyl;
  4. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa — 1,5 ýyl;
  5. Demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy — elektromehanik — 1,5 ýyl;
  6. Hereketi sazlaşdyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryna tehniki hyzmat — 1,5 ýyl;
  7. Elektrik üpjünçiligi — 1,5 ýyl;
  8. Signalizasiýa, merkezleşdirme we blokirleme enjamlarynyň elektromontýory — 10 aý;
  9. Radio we telefon aragatnaşyk enjamlarynyň montažçysy — 10 aý;
  10. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa — 10 aý;
  11. Tehnologiýa enjamlaryny sazlaýjy (elektron tehnikasy) — 10 aý.

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä, degişlilikde 10 aý ýa-da 1,5 ýyl. Okuwlar tölegli.

Resmi iş kagyzlary okuw mekdebinde 2020-nji ýylyň 24-nji awgustyna çenli ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

— bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm möçberdäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip, bellik etdirýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2020-nji ýylyň 25-26-njy awgustynda başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilýär. Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça fizika we matematika derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soň­ky synaglara goýberilmeýär.

Bellik: Okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Mek­de­biň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri, Oguz han kö­çe­si­niň 13-nji ja­ýy.

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 49-95-92, 49-95-91, faks: 49-95-96.

2020 :Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik

 

Ýene-de okaň

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Teswirle