TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Biz nähili pikirlenýäris

Pikirler näme? Bu soraga birnäçe ýyllardan bäri alymlar, lukmanlar we filosoflar jogap gözläp gelipdirler. Bu siziň “pikirler” adalgasyny nähili kesgitlemek isleýşiňize baglydyr. Alymlar stimula (almany göreniňde, ony tanamak) jogap hökmünde sinaps gurluşy, şekilleri tanama we akyl hereketi barada aýdýarlar. Filosoflar, şeýle-de birnäçe alymlar neýron torlary biziň hökmany etmeli müňlerçe pikirlerimizi we duýgularymyzy düşündirip bilmeýändigini belläp geçýärler.

Biziň bilýän birnäçe aýratynlyklarymyz bar, ýöne geliň beýnimiziň haýsy bölegi dürli görnüşli pikirlere we kararlara jogap berýändigini bileliň.

Çekge bölegi

Çekge bölegi ses maglumatlary bilen näme etmelidigini, şeýle hem muny wizual maglumatlar bilen birleşdirmegi karar berýär.

Wernikiň meýdany

Wernikiniň meýdany, siziň eşiden diliňiziň terjime edilýän ýeridir, soňra Brokanyň meýdanynyň üsti bilen muňa jogap berýärsiňiz.

Ýeňse bölegi

Ýeňse bölegi yzda ýerleşýändigine garamazdan, gözümize düşýän ýagtylyk signallaryny şekillere we görnüşlere öwürýär.

Maňlaý bölegi

Maňlaý böleginde siziň häsiýetiňiziň we siziň pikirleriňiziň hem-de duýgularyňyzyň emele gelýän ýeridir. Eger-de bu bölege zeper ýetse, siziň häsiýetiňiz hem üýtgär.

Brokanyň meýdany

Brokanyň meýdany çylşyrymly sözleriň we gepleşik görnüşleriniň emele gelýän ýeridir.

Esasy motor korteksi (gabygy)

Esasy motor korteksi (gabygy) we esasy somatosensor korteksi sensor innerwasiýalaryny kabul edýär we siziň ähli hereketleriňizi sazlaýar.

Öňki korteks (gabygy)

Öňki korteksde siziň käbir käbir hereketleriňiz sazlaşdyrylýar.

Depe bölegi

Beýniniň depe bölegi siziň çylşyrymly duýuş ulgamyňyza jogap berýär.

Esasy eşidiş toplumy

Esasy eşidiş toplumy gulagyň ýanynda ýerleşip, ses tolkunlaryny manyly maglumata öwürýär.

 

 

Taýýarlan Tirkeş BALYŞEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle