BIZNES

Bitkoiniň taryhy rekordy

Kriptowalýuta her hepde kem-kemden ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Ýaňy-ýakynda biz bu kriptowalýutanyň ilkinji gezek 20 müň dollardan geçendigi barada habar beripdik. Indi bolsa kriptowalýutanyň taryhynda ilkinji gezek bitkoinyň bahasy 28 müň dollara ýetdi. Bitkoinyň bahasynyň ösmegi, dünýäde koronawirus keseliniň ýaýramagyna gabat geldi. Ýaz paslynda kriptowalýutanyň bahasy 4-5 müň dollar aralygynda saklanypdy, emma koronawirusyň ýaýramagy sebäpli käbir ýurtlarda onuň bahasy 5 esse artdy. Bitkoinyň öňki rekordy 2017-nji ýylyň ahyrynda hasaba alynypdy. Şol mahalda kriptowalýutanyň bahasy 20 müň dollara ýetip, gysga wagtyň içinde pese düşüpdi. “PayPal“ atly iň uly töleg ulgamy bolsa, özüniň sistemasyna bitkoini goldaýan funksiýasyny hem goşdy. 2021-nji ýylda kriptowalýutalar beýleki ýurtlarda işe giriziler we tölegleri tölemek üçin ulanylar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär