TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Bitkoin rekord derejede hümmetlendi

Tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilip-edilmejekdigi heniz heniz hem sorag astynda bolsa-da, kriptopullar durmuşymyza gün-günden içgin siňýär. Dogry, soňky günlerde olaryň görnüşleri diýseň köpeldi. Hatda täze görnüşleri yzarlap, sanawyny ýöretmegiň mümkin bolmadyk derejesine çenli bardy. Goý, olar näçe köpelse köpelsin, ýöne, barybir, bitkoin hümmet babatynda-da, meşhurlyk babatynda-da ornuny hiç bir bäsdeşine berenok.

Taryhdaky rekord

Ýene bir zady, soňky döwürde kriptopullaryň ähli görnüşleriniň hem hümmetiniň artýandygyny aýtmak gerek. Bitkoin bolsa rekordlardan rekordlara beýgelýär. Şu gün ― sişene güni onuň hümmeti 67 müň amerikan dollaryna çenli beýgeldi. Bu bolsa kriptopullaryň taryhyndaky rekorddyr.

Has takygy, onuň ozalky hümmeti ýene 2,5 göterim artyp, 67 müň 778 dollara ýetdi. Şeýlelikde, 20-nji oktýabrdaky rekorddan ― 67 müň dollara ýakyn hümmetden hem ýokary geçildi.

Kriptopullaryň umumy hümmetlenmesini şeýle göz öňüne getireliň! Olaryň ählisiniň bilelikdäki hümmeti 3 trillion dollara ýetdi.

Gözegçilige alnar

Ýöne meşhur ykdysady neşir bolan «Bloombergiň» Fundstratyň tehniki strategiýalar boýunça maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, bitkoiniň bu hümmetlenmesi onuň ýylyň dördünji çärýegindäki iň ýokary derejesi bolup biler. Öňümizdäki ýylda bolsa ýyldyrym çaltlygyndaky bu hümmetlenme biraz durnuklaşar we gözegçilige alnar.

Ýeri gelende aýtsak, bitkoinden daşary izerim kriptopuly hem hümmetlenmegini dowam etdirýär. Bu ösüşiň öňümizdäki ýyllarda hem artmagyna garaşylýar.

Hümmetlenmegiň sebäbi…

Eýsem, bitkoiniň birden beýle hümmetlenmesine näme sebäp bolduka? Bilermenleriň aýtmagyna görä, munuň esasy sebäbi hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işleýän işewürleriň, esasan, bitkoinde hasaplaşmagy görkezilýär. Ol dünýäniň beýleki döwletlerinde hem esasy hasaplaşyk serişdeleriniň birine öwrülýär.

Kriptopullar Ýer ýüzünde mundan 10 ýyl ozal peýda bolup başlady. Olar 2020-nji ýyla çenli hümmetini dört esse artdyrdy. Diňe bitkoiniň özi soňky bir ýylyň içinde ozalkysyndan 130 göterim hümmetlendi.

Hemişe beýle däl

Bitkoin hemişe ösüşdemi? Ýok, beýle däl. Mysal üçin, geçen iýunda energiýa pudagyndaky tankytlar we Hytaýyň kriptopullar bilen bagly meseleleri döretmegi onuň hümmetiniň 30 müň dollardan hem pese gaçmagyna sebäp boldy.

 

Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga çagyryldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Teswirle