SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk – milli gymmatlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda sazlaşykly ösüş üpjün edilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklar däp bolan dostluk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde eýeleýän işjeň ornuny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz «Euronews» teleýaýlymyna interwýusynda şeýle belleýär: «Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr. Ol Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň özeni parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň dürli ýurtlary bilen dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýaly ýörelgelere esaslanýar.

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň baky bagty, parahatçylygyň we abadançylygyň gözbaşydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçeris. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýy dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gural hökmünde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Türkmenistan — Bitarap döwlet. Dünýäde öz daşary syýasatynda Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän başga-da döwletler bar. Ýöne biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek resmi taýdan ykrar edilen ýurtdur. Şonuň üçin biz öz Watanymyza «Dünýäde ilkinji Bitarap döwlet» diýip, uly buýsanç bilen aýdýarys. Bu derejäniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek berkidilmegi buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Munuň özi döwletimiziň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin durmuşa geçirýän işleriniň goldanylýandygyny tassyklaýar. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini netijeli çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna dünýä bileleşigi ýokary baha berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly çuň manyly filosofiýasy häzirki wagtda bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär we diplomatiýanyň esasy ugry hökmünde kesgitlenýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýanyň çäginde parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy berkitmek babatdaky döwletara we parlamentara forumlardyr maslahatlar geçiriler.

Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýä üçin nusgalykdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz halkara hukugyň ýörelgeleriniň we kadalarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýär. Ol ýurdumyzyň içerki ösüşiniň we daşary syýasatynyň strategik wezipelerini çözmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar. Munuň özi diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzadyň bähbitlerinden gözbaş alýan ýörelgedigini beýan edýär. Bu bolsa hoşniýetliligiň, dost-doganlygyň gymmatyny has-da artdyrýar.

Bu dabaralara halkara derejesinde uly ähmiýet berilýändigini nazara alyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen bu ýylymyz dünýäde jebisligi, ynanyşmagy has-da berkider, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylyk taglymatyny aýdyň dabaralandyrar. Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkararlygy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýgül Adaýewa,

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.  

Ýene-de okaň

Nowruz şowhunly we ählihalk baýramydyr

Türkmen  prozasynda parahatçylygyň  waspy

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak – ykdysadyýetiň möhüm ugry

Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy