JEMGYÝET

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy halkara gatnaşyklarda kanun çykaryjy edaralaryň mümkinçiliklerini ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirmäge bagyşlandy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapeçenko, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa, Gana Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Alban Sumana Kingsford Bagbin, Şri-Lanka Demokratik Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mahinda Yapa Abey-wardena, Gyrgyz Respublikasynyň Žokarku Keneşiniň Başlygynyň orunbasary Nurlanbek Azygaliýew, Marokko Patyşalygynyň Wekiller Palatasynyň Başlygynyň orunbasary Hassan Benomar, Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Hamda al Sulaiti, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň parlamentara aragatnaşyklar boýunça başlygy Aýgul Kuspan, Parlamentara Bileleşigiň parlamentler bilen işlemek we daşary aragatnaşyklar boýunça müdiri, Ilçi Anda Filip çykyş etdiler.

Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leji, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa duşuşyga gatnaşyjylara  wideoýüzlenmelerini iberdiler. Duşuşygyň soňunda Jemleýji resminama kabul edildi.

Bu resminamada Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynyň parlament hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm orny bellenildi, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we dialogy berkitmek işine tagallalary we goşandy aýratyn nygtaldy.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri