JEMGYÝET

Bitaraplyga bagyşlanan täze binalaryň açylyş dabaralary

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şäheriň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si, 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we köpugurly Söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi.

Şäheriň Senagat köçesiniň ugrunda 32 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 20-sinden ybarat toplum ulanmaga berildi. Şeýle hem 4 gatly 32 öýli 3 sany we 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň biri Ahal köçesiniň ugrunda peýda boldy. Güneşli köçesiniň ugrunda bolsa 2 gatly kottejleriň 9-sy bina edildi. Olaryň her biriniň iki öýlüdigini bellemeli.

Netijede, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap jaýlarda bagtyýar maşgalalaryň 738-si jaý toýlaryny tutdular.

Şeýle hem Senagat köçesiniň ugrunda 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep guruldy. Ol şanly baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda okuwçylar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

Büzmeýin etrabynyň çäginde köpugurly täze Söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Onda ýerleşdirilen dükanlarda alyjylara harytlaryň we azyk önümleriniň örän köp görnüşleri hödürlenýär.

***

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” edara – söwda binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Aşgabadyň demirgazygynda, Andalyp we G.Gulyýew köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlan üç gatly täze bina 2018-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde açylan giň gerimli işewürlik toplumynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.

2008-nji ýylda döredilen hem-de Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Ojar Aziýa” kärhanasynyň hasabynda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde amala aşyrylan iri taslamalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlarynyň paýyna düşýär.

“Ojar Aziýanyň” söwda dükanlary bolan täze edara binasy üçin 1,15 gektar meýdan bölünip berildi. Onuň ýerzemin bölegi dükan hem-de ammar jaýlary üçin berildi. Binanyň birinji we ikinji gatyndaky söwda zallary senagat harytlaryny, şol sanda gurluşyk serişdelerini, awtomobil şaýlaryny satmak üçin niýetlenendir. Üçünji gatda edara otaglary guruldy. Durmuş üpjünçiligiň özbaşdak ulgamlary binanyň işini goldaýar. Täze jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň ilçihanasynda bolup, gynanjyny bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy

“Liwerpul” täze tälimçisini yglan etdi