TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Bitaraplyga bagyşlanan halkara sergiler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurnaýan bu sergisi 1-12-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Sergide her pudagyň gazanan üstünlikleri, şol sanda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça gazanylanlar, Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň nusgalary görkeziler.

Dekabr aýynyň 10-na ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň baýramçylyk sergisini guralar. Sergide ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, dürli ekerançylyk we maldarçylyk önümleri görkeziler.

Şanly sene mynasybetli guralýan gözden geçiriliş Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi, ýerli çig mallary özleşdirmegiň esasynda gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyň düşünje almaga hem mümkinçilik berer.

Halkara sergisi öz işini Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazanan üstünlikleri bilen açýar.

Bu serginiň geçiriliş tertibi şeýle:

—  1-nji dekabrda Türkmenistanyň söwda toplumynyň güni;

— 2-nji dekabrda oba hojalyk toplumynyň güni;

— 3-nji dekabrda nebit-gaz toplumynyň güni;

— 4-nji dekabrda gurluşyk we senagat toplumynyň güni;

— 5-nji dekabrda ulag we aragatnaşyk toplumynyň güni;

— 6-njy dekabrda ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumynyň güni;

— 7-nji dekabrda medeniýet toplumynyň güni;

— 8-nji dekabrda ykdysadyýet we bank toplumynyň güni;

— 9-njy dekabrda kanunçylyk ulgamynyň güni;

— 10-njy dekabrda Türkmenistanyň welaýatlarynyň güni;

— 11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň güni;

Sergi her gün sagat 10:00-dan 18:00-a çenli,

12-nji dekabrda  — jemleýji çäreler sagat 10:00-dan 17:00-a çenli geçirilýär.

 

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle