TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Bitaraplyga bagyşlanan halkara media forumy

Şu ýyl Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Şol mynasybetli ýurdumyzda 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edildi.  Bu ýyla bagyşlanyp, köp sanly çäreler guruldy we guralmagy dowam edýär.

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp,  halkara media forumy geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagyna hem bagyşlandy. Dünýäniň ençeme ýurdundan 300-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda geçirilen foruma, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi hem ýakyndan goldaw berdi.

TÜRKMEN BITARAPLYGY ÄHLUMUMY HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ESASY GURALY

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan bu forumynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Bekdurdy Amansaryýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow çykyş etdiler.

Bu foruma bolsa, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň Baş direktory we başlygy Ibrahim Eren, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň Baş direktory Şaşi Şekhar Wempati, Şri-Lankanyň «MTV Channel» (Ptv) Limited (MBC/MTV) toparynyň başlygy Nedra Wirasinghe, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň Prezidenti Emmanuel Düpýi dagy onlaýn gatnaşyp, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýete barada gyzykly gürrüň berdiler.

Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda türkmen Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň gazanylmagyna uly goşant goşýandygy belläp geçdiler.

TÜRKIÝE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNY GOLDAÝAR

Hususan-da, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň Baş direktory we başlygy Ibrahim Eren öz çykyşynda türkmen-türk dostlugynyň berkeýändigini belläp,  Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ilkinji ykrar edip, şol san-da Türkmenistanda öz ilçihanasyny ilkinji açan ýurtlaryň biridigini belledi.

Ol Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýoly saýlap alyp, uly ösüşler gazanýandygyny belledi. Şeýle hem «TRT» teleradiokorporasiýasynyň Baş direktory ýurduň gazanýan ösüşleriniň giň halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde medianyň, ýagny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornunyň möhümdigini belledi.

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde, dünýäniň ençeme ýurdy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini bellän Ibrahim Eren, Türkmenistan bilen metbugat ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle