TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Bişkekde sebitleýin ýygnak geçirildi

2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň guramagynda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 8-nji her ýylky duşuşygy geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekowyň açmagynda geçirilen bu çärä Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, şeýle hem BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Idris Zaman hem çagyryldy.
Gatnaşyjylar duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gyzyklanma eýe bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek barada pikir alyşdylar, şeýle-de Sebitleýin merkeziň sebitde howpsuzlyga we durnuklylyga zyýan ýetirýän hem-de bolup biljek howplary çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam edip boljak ugurlaryna seretdiler.
Şeýle hem gatnaşyjylar zorlukly ektremizme eltýän radikalizm, terrorçylyk, guramaçylykly jenaýat we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly howplara garşy göreşmek boýunça bar bolan we meýilleşdirilen sebitiň içindäki serhet üsti geçişler hem-de ykdysady, ekologiki meseleleri barada pikir alyşdylar. Duşuşykda şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyl üçin esasy ugurlaryna seredildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri Sebitleýin merkeze sebit meselelerini uzakmöhletleýin çözgüdini tapmaklygyň şertlerinde şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasynyň çäklerinde gepleşikleri geçirmegiň we başlangyçlary öňe sürmekde sebitara hyzmatdaşlygyň giňeltmegiň zerurdygyny bellediler we goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen elektrik energiýasy boýunça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistan manat serişdelerine Russiýadan gurluşyk armaturasyny satyn aldy

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Teswirle