Ýakylan nebit koksy we nah ýüplügiň dürli görnüşleri çarşenbe güni, 1-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy.
Ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen ýakylan nebit koksunyň 5 müň tonnasyny 70,5 mln TMT satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýeden gelen işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügiň dürli görnüşleriniň 1 mln kg-dan gowragyny $2,7 mln-a satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler söwdalaşyklaryň barşynda nah ýüplügiň 571,5 müň kg-ny 24,8 mln TMT satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 geleşik baglaşyldy.