TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birža täzelikleri: Serbiýanyň işewür toparlary buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli metallaryň ýüzündäki posy we ýagy arassalamak üçin serişdäni hem-de buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million dollaryna barabar boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 254 müň 430 dollaryna deň bolan nah ýüplügi, şeýle hem bahasy 1 million 613 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.

 

Harby instituta okuwa kabul etmegiň tertibi: 2022

Ýene-de okaň

Türkmenistan manat serişdelerine Russiýadan gurluşyk armaturasyny satyn aldy

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Teswirle