TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birža täzelikleri: geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Şeýle-de, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna demriň ýüzüni posdan we ýagdan arassalamak üçin niýetlenen serişde hem-de float list aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 104 million 248 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumuny, el halylaryny we plastik poddonlary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 26 million 707 müň manatlykdan gowrak boldy.

 

“Real Madrid” 95-nji kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Teswirle