TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birža täzelikleri: BAE-li telekeçiler uçar kerosinini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri boýalan nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 500 müň manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Altyn teňňeleri satyn almak üçin ilkinji bankomat

Teswirle