TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birža habarlary: türk işewürleri dizel ýangyjy satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah matany, ýüplügi, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 27 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nah ýüplük Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 774 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 12 million 178 müň manatdan gowrak polimer külkesini, polipropilen we gaplamak üçin ulanylýan plýonkany satyn aldylar.

21-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileri Hytaýdaky sergä çagyryldy

Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen gol çeken şertnamasyny tassyklady

Birža täzelikleri: türk telekeçileri awtobenzin satyn aldy

Teswirle