TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birža täzelikleri: singapurly telekeçiler karbamid satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 586 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 950 müň manada deň bolan saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million manada golaý bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we bitumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Hytaýda uly nebit gory tapyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan pomidor satyn alýar

Ata Watan Eserleri