JEMGYÝET

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Halkara “Gorkut ata” kinofestiwalyna gatnaşan Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino boýunça baş müdiri Birol Güwen, “Atawatan Media” toparyna beren beýanatynda Türkmenistana ilkinji gezek gelendigini uly buýsanç bilen belledi.

Aşgabadyň täsirli we owadan şäherdigini belläp geçen belli türk režissýory Birol Güwen kinonyň güýji barada gürrüň berdi. Birol Güwen, “Gorkut ata” kinofestiwaly bolmadyk bolsa, kino we sungat bolmadyk bolsa, bu ajaýyp ýurt we bu ajaýyp şäher bilen tanyşmak mümkinçiliginiň bolmajakdygy aýtdy we bu festiwalyň täze başlangyçlar hem-de geljekki hyzmatdaşlyklar üçin täze sahypalary açjakdygyny belledi.

Birol Güwen bilelikde çeper filmeri surata düşürmek üçin taslamalarynyň bardygyny we özara gatnaşyklary kino arkaly has-da pugtalandyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Türki döwletleriniň umumy gymmatlyklary barada belläp geçen türk režissýory kino hem-de sungat bilen döwletleriň birek-birege has-da ýakynlaşjakdyklaryny nygtady.

Mundan başga-da, festiwalyň çäginde türkmen tomaşaçylara hödürlenýän çeper filmleriň hatarynda orun alan Türkiýäniň “Lukman Sadyk Ahmet” filminde oýnan türk aktýory Renan Bilek hem “Atawatan Media” topary bilen söhbetdeş boldy. Ol hem bu sungat baýramçyly mynasybetli Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny aýtdy.

Aşgabat şäherine gelmekleri bilen ýagan ýagşy bereket hökmünde baha beren türk aktýory “Gorkut ata” festiwaly mynasybetli ajaýyp ýurt bolan Türkmenistany görmek mümkinçiliginden hoşaldygyny aýtdy.

Türk dünýäsiniň şeýle ajaýyp sungat baýramçylygynda didarlaşmagynyň ähmiýetiniň uludygyny bellän Renan Bilek türkmen halkynyň myhmansöýerligi üçin öz hoşallygyny bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taýýar