TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birinji Hazar ykdysady forumyna degişli tanyşdyryş dabarasy

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda PariŽde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Tegelek stol we tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Ilçihanasy we Türkmenistan-Fransiýa Söwda edarasy bilen bilelikde gurnaldy. Tegelek stola we tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Ýewropanyň işleri we daşary işler ministrliginiň, Fransiýanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň wekilleri, meşhur fransuz kärhanalarynyň, şeýle hem “MEDEF Imternational” söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, şeýle hem olaryň ösüşiniň geljegi uly ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş eden fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň ählisi Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Türkmenistanda telekeçilik işini durmuşa geçirmek üçin döredilýän amatly şertleri üçin minnetdarlyk bildirip, geljekde hem Türkmenistanyň iri taslamalaryna gatnaşmaga taýýarlyklaryny mälim etdiler.

Şeýle hem, tegelek stoluň dowamynda ilkinji Hazar ykdysady forumynyň Konsepsiýasynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapynyň wekilleri bu Foruma gatnaşmaga Fransiýanyň işewürler toparynyň wekillerini hem çagyrdylar.

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylara ilkinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan wideorolik görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasy işlenip düzüler

Türkmenistanyň sergi strategiýasy işlenip düzüler

Türkmenistan täze awtobuslary satyn alýar

Teswirle