TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Birbada 3 enjama güýç berýän enjam

“Apple” kompaniýasy täze “AirPods” gulaklygy bilen birlikde “AirPower” güýç berijisini oýlap tapdy. Emma kompaniýa bu enjamlary satuwa çykarmady. Soñra “AirPower” güýç berijisiniň deregine başga enjamy döretdiler we ulanyşa hödürlediler. “Logitech” kompaniýasy birbada üç sany elektrik enjamyna güýç berýän enjamy döretdi. Ol akylly telefona, akylly sagada we “Bluetooth” gulaklyga güýç berip bilýär. “Logitech” kompaniýasy bu enjamy “Apple” kompaniýasy üçin döredip berdi. Enjamy diñe “iPhone” telefonlary, sagatlary üçin niýetlenmän, eýsem “Samsung” kompaniýanyñam tehnologiýalary üçin ulanyp bolýar. “Logitech” kompaniýanyñ döreden önümi “Apple” kompaniýanyñ “AirPower” güýç berijisinden örän tapawutlanýar. Güýç berijide telefony kese görnüşde goýup bolýar we şol wagtda telefony ulanyp bolýar.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle