TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Bir ýyllap zaýalanmaz

ABŞ-ly seçgiçiler bir ýyllap zaýalanman saklanyp biljek almanyň görnüşini kemala getirdiler. Eýýäm bu «çydamly» alma ýurduň bazarlarynda satlyga hem çykaryldy

«BBC» neşriniň habar bermegine görä, «Cosmic Crisp» atly almanyň bu görnüşini gutarnykly hala getirmek üçin 20 ýyl işlemeli bolupdyr. Täze görnüş almanyň «Honeycrisp» we «Enterprise» sortlaryny sapmak arkaly alyndy. Gözleglere Waşington uniwersiteti tarapyndan 1997-nji ýylda girişilipdi.

Ýakynda bolsa Ştatyň ekerançylaryna geljek 10 ýylyň dowamynda bu almany ösdürip-ýetişdirmäge ygtyýar berildi. Aýdylyşy ýaly, alma suwly, tagamy bolsa örän şirin. Ýöne almanyň bu görnüşiniň esasy aýratynlygy zaýalanman, 10 ― 12 aý saklanyp bilýänligidir.

Dünýä boýunça alnanda hem alma banandan soňra iň geçginli miwe hasaplanylýar. Waşington bolsa ABŞ-daky alma söwdasynyň kerwenbaşysy.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle