HEKAÝALAR

Bir goşawuç gowurga

                                                                                            Hekaýa

         “Uruş tutupdyr” diýlen ses eşidilenden obamyzyň derde ýaran adamlarynyň hemmesini gyzyl wagona mündürdiler, yz ýanyndanam uzyn nowaly gara maşynlar bilen saýlama atlarymyzy ýüklediler. Şonda Gülsün eje, oglanlar gidende gözüni çygjartmadygam bolsa, atlar kişňeşende durup bilmän hamsykdy.

Men uruş diýlen zadyň nämedigini bilemokdym. Ýöne oň gowy zat däldigini bilýärdim. Onda-da, uruş ýaramaz zadam bolsa, “Olar gowy ýaşamak üçin üstümize süründiler, bizem gowy ýaşaýşymyzy goramak üçin gaýtawul bermelidiris” diýilýän gürrüňler eşidilýärdi.

Bu gürrüňler bizi  kiçelikden ulaldylan ýaly edýärdi. Asla uruş agzalalay bäri, barymyz birden uly adam ýaly bolupdyk. Hat-da, garry baýtal Kümüşguýruga çenli, işgär hökmünde kabul edilipdi. Indi o janawaram hemişekisi ýaly, meýdanda sonarlap ýörmän biz bilen deň işe çykýardy. Şonuň üçin ol, hem-ä atdy, hemem ýumuş oglany. Sebäp bir ýere ýetilmeli bolsa ýa-da bir zat eltmelem bolsa, diňe oňa “gaýrat et” diýilýärdi. Şonuň üçin ol, sähel salmyň içinde syndan-sypatdan galdy. Özem myrtar garran ýaly bolly.

Hat-da indi ol, uzak bir ýere gidiljek bolsa, esli ýere çenli ýanynlap ýöreýärdi. Soňam ýoluň daşlygyny görmejek bolýan ýaly, birwagtky şöhlezar gözlerini ýumardy. Şonda meň nebsim agyryp, oňa ýüklenýän ýüki arkama alyp gidiberesim gelýärdi. Ýöne hemmäniň öz ýüki özüne ýetikdi. Şonuň üçinem ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterýärdi.

Käte-de birneme ýaşan adamlar, oň synasyndaky sypjyrylan ýara yzlary görüp, göwünlik berýän ýaly şeýle sözleri aýdardylar.

  • Uruşda bedewiň şöhrady synasyna düşen ýara bilen ölçenýändir. Bu ýerde-de däriniň ysyny almasaňam uruş kemi ýok, gaýrat edeweri janawar.

Şonda Kümüşguýruk o sözlere düşünýän ýaly, şol gün azajyk dogumlanýardy. Hemem ötüren ömrüniň ala meýdanyny ýatlaýan ýaly husytja kişňärdi. Men şonda oň ýatlamaga düýnüniň bardygyna, ömrüniň biderek geçmändigine begenerdim.

Asly haýwan, ýüregi ynsan bolan bu janawaryň halyna has beter gynanýan Gülsün ejedi. Sebäp olam edil, garry baýtal ýaly öte garrapdy. Ýöne “garry gaýrat” diýlenini edip çytyraşyp ýördi.

Kümüşguýruk diňe gijelerine ýüregine rahatlyk tapýardy. Oň göwnüne rahatlyk salýan  kör gyjakçynyň gyjagynyň zaryn sesidi. O ses ýeke bir garry janawaryň ýüregine teselli bermän, bütin obamyzyň ýüregine giňlik salýardy.

  • Gyjagyň sesi eşidilip durmy, diýmek, entejig-ä durmuş dowam edýär…

Bu pikir hemmäni ýaşadýan pikirdi. Meň oglan ýüregime Kümüşguýruk bu sese has teşne ýalydy. Sebäp ol sazyň sesini eşiden mahaly, öňüne oklanan bir goltuk mollak selni iri dişleriniň arasyndan işdämenlik bilen geçirip, tä saz soňlannýança dişlerini gütürdedip durardy. Saz bolsa, irginsizlik bilen çalynýardy. Sebäp obamyzda öňüräkden bäri şeýle gürrüň ýaşap gelýärdi.

– Ol batylam bolsa, saz çalan mahaly giň ýalançyny görýärmişin…

Kör gyjakçy ýalňyz özi ýaşaýan dogabitdi batyl adamdy. Ony il-gün – obamyz ekleýärdi. Bir gezek heniz jahanda uruş ýokka, Gülsün eje bir okara unaşy oňa eltip bermegimi tabşyrdy. Şonda o bilen aramyzda şeýleräk gürrüň bolupdy.

– Öwekge, asmanyň reňki nähili?

Şeý diýip batyl kişi soraýardy.

  • ..
  • Daşary nähili?
  • O-da gara…
  • Gülüň reňki nähili?
  • Olam gara…

Şonda ol uludan demini alyp şeý diýipdi.

  • Olara menem görýän…

Haçan-da Gülsün eje muny bilende, ol maňa gaty käýýäpdi.

  • Näme üçin hemme zat gara diýip alladyň?

Men sesimi çykarmadym. Gülsün eje ikinji ýola sözüni gaýtalady.

  • Allamaly däldiň.
  • Görüp bilemok diýip kemsinmesin diýdim…

***

Şeýdip günler yzly-yzyna geçip durdy. Ýekeje wakada, has möhüm wakada ýadyňda galanokdy. Ýene daň atýardy. Ýene gijelik düşýärdi. Ertesem ýene-de Kümüşguýruga “çüw atym” diýilýärdi. Kör gyjakçynyň gyjagynyň sesem kynam bolsa ýaşaýşyň dowam edýändigini zarynlyk bilen aýdardy.

Käte-de, nega-da bir tutulýan toýda Kümüşguýruk hakyky bedew lybasyna girýärdi. Şonda ol hemişeki edişi ýaly, çapmazyndan ozal pessejik tümmegiň üstüne çykyp, çalaja kişňärdi. Soňam ol ähli jepalary undup, kynçylygyň iň soňky gününi başyndan geçirýän ýaly, artky aýaklarynyň üstünde çarpaýa galardy. Şonda onuň gür gara ýallary, asmana göterilip, ýene ýuwaş-ýuwaşdan owadan boýnunyň üstüne düşerdi. Köp wagtdan bäri obamyzda toýuň tutulmaýanlygyndanmy nämemi, adamlar oňa durup serederdiler. Hemem şeýle gözelligi döredýänligi üçin garry baýtala ýene minnetdarlygyny bildirerdiler.

– Muňa-da şükür etmeli, nähilem bolsa, obamyzda seretmäge bir zat bar.

Garry janawar bolsa, muňa monça bolup, agzyny ýere degiräýjek-degiräýjek bolup aýakallygyna çapardy. Ýogsam oň yzyndan kowýan bäsdeşem ýokdy, ozjak bolup barýan atam ýokdy. Şonda oňa adamlar aýagynyň ýelini alýa diýýärdiler.

Ýeňji hökmünde-de, Ogulla oň boýnuna maňlaýyndaky ýaglygyny daňýardy. Gülsün eje-de, gyňajynyň ujuna düwlen bir düwürjik nabadyny agzyna tutdurýardy. Muňa janawar monça bolup, äpet kellesini gür-gür silkelärdi. Şonda men nabady özüm iýen ýaly begenerdim.

Şol gün obamyzyň bar gürrüňi bu garry janawar bolardy. Ýylgyrmak diýlen zat ýat bolan ýüzlerde-de, ýagtylyk görnerdi. Ogulla ýaly ulygyzlaram begençli habary buşlajak bolýan ýaly gaşlaryny gererdi. Gülsün eje muňa monça bolup şeý diýerdi.

  • Sag-aman oglanlar gelende-de, şeýdip hezil bereweri janawar…

Bu söze-de biz ýeňişde üstün çykan ýaly begenerdik. Sebäp bu uly hasratyň kiçijik şatlygydy.

Soň Gülsün eje saçy örüme gelen gyzlara, janawaryň göwni göteriler ýaly toý eşigiňizi entek çykarmaň diýerdi. Soň her kim tapan köýnegini geýerdi. Ogullada elketenisini. Onsoň obamyz ýene öz göwsünde gözellik dörederdi. Kümüşguýruk janawaryň sagrysyndan gön gatşykly deriň ysy gelerdi. Heniz peti açylmadyk Ogullanyň ketenisindenem, keteniniň ysy-bozgunç ys gelerdi. Köp wagtdan bäri şeýle nepis ysy almadyk adamlar iki-baka elewleşerdiler. Atyň sagrysynyň ysy özüne bek çekýämi ýa gyz ketensiniň ysy. Olaryň ikisem ezizdi. Birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däldi. Şonuň üçin olaryň ikisiniňem ornuny biri-biri bilen çalşar ýaly däldi. Şol gün obamyzyň üstünde dogup-ýaşýan Günem has uzalan ýaly bolardy. Men şonda günüň düzüwli bolsa Günüňem uzalýandygyny oglanam bolsam bilipdim.

***

Bir günem şeýle apalanyp ýörlen janawar, kemislik tapynyp ýerinden galyp bilmedi. Bu oň öte horlugyndandy. Şonuň ýaly, garrylygam süňňüne mazaly ornapdy.

Men zähram ýarylan ýaly Gülsün ejelere tarap eňdim. Gülsün eje haýdaşlap gelşine hem aglamjyraýardy hemem bir dişem galmadyk kempik agzyndan şeýle sözleri çykarýardy.

– Weý,weý, sen şeýdip ýatjakmy? Uly il işläp ýör, senem beýdip ýatsaň… Utanaňokmy, il-gün näme diýer. Oglanlar gelinçä ikimiz gaýrat etmel-ä… ýogsam olar gaty görerler. Ynha gidenlerem gelerler, onsoň ýene toýlar tutular…  Seň öňüňe-de gysganyçlyk edilmän bir goltuk ot döküler. Häli görseň sen iýmän ýüzüňem sowarsyň. Menem garradym… Ýöne garradym diýip oturyp bolýamy näme…

Gülsün eje ýene şeýle hoşamaý sözleriň birnäçesini edil öz deň-duşuna aýdýan ýaly edip, Kümüşguýrugyň gulagyna pyşyrdady.

Ýöne Kmüşguýruk galybermedi. Agşama golaý ol kör gyjakçynyň sazyna diňşirgenip, ýerinden turaýjak ýaly etdi. Ýöne garry göwre per bermedi.

Gülsün eje oň aýaklaryny owkalaşdyrýardy, garnynyň ýüzüni sypalaýardy hemem uly adama düşündirýän ýaly şeýle sözleri aýdýardy.

– Sag-aman galawersin, ýogsam oglanlar gelende: “Obada galybam ony saklap bilmediňiz” diýerler. Wah, ýekeje goşawuç däne bolsady. Göwnüme galaýjak ýaly. Öwekge, heý muň alajy tapylmazmyka? Wiý, huşum gursun, ýet ammarçynyň üstüne. Şeýle-şeýle diý. Gaýrat et diý…

Men ammarçyny tanaýardym. Şu waka bolmazynyň öňsyrasy gaty ajygyp,  azajyk çörek sorap baramda, ol: “Arkamy gaşa, onnoň bereýin” diýipdi. Men şonda oň ýagly arkasyny gaşamaga namys edip, diýenini etmändim. Häzir bolsa göwnümiň tersine gidip, öz aýagym bilen oň ýanyna – arkasyny gaşamaga barýardym.

Ol meni görüp gelşiksiz ýylgyrdy.

  • Gelliňmi?!
  • ?..
  • Görseň, çörek süýji zatdyr…

Ol şeý diýip, “gaşa” diýen manyda, giň köýnegini bokurdagyna çenli galdyrdy. Oň ýagjymyk, derli arkasyndan birhili goňras ys gelýärdi. Onda-da men, ýüzümi eýläk-beýläk öwrüp, bar güýjüm bilen dyrnaklarymy iki kebzesiniň arasyndan ýöredýärdim. Olam eýläk-beýläk omuzlaryny oýnadyp, süýjedip şeýle sözleri aýdýardy.

  • Janym hezil edäýýä. Omuzlammyň üstünem gaşa… Hä, hä şotaýyny…

Käte-de ol azgyrlardy.

  • Näme janyň ýok ýaly. Gatyrak basyp gaşa… Düýnki beren çöregimi iýmediňmi näme?

Men dyrnaklarymyň içini hapadan dolduryp, bar güýjüm bilen gaşardym. O bolsa, edil izzik çaga ýaly hykgy-çokgysyny goýmazdy.

  • Iki eliň bilen gaşa… Ýok o taýyny däl… Dur entek… Hä…. Ana, ana şo ýerini… Wah-waheý… eje jan…

***

Men elime berlen bir ýanawuç dänäni ylgap Gülsün ejä eltip bererdim. Gülsün eje ony ilki maňlaýyna degrerdi. Soňam ony maňa ysgamaga rugsat edip, Kümüşguýrugyň agzyna tutdurardy. Syňragyndan sypyp, guma gaçan dänelerem üfleşdirip ýene oňa beredi. Men şonda gultunmajak bolup näçe çytraşsamam saklanyp bilmän gultunýardym.

Indi men her gün ammarçynyň arkasyny gaşaýardym. Ammarçy bolsa, beterinden beterini tapyp, barha işimi kynlaşdyrýardy. Indi ol arkasyny gaşap bolanymdan soň, ullakan ýaglyk bilen arkasyny süpürmegi buýrýardy. Menem ää diýmän edýärdim.

Şeýle günlerde ýaşap ýörkäk kör gyjakçynyň gyjagynyň sesi kesildi. Ses kesilensoň durmuş hasam tukatlanan ýaly bolly.

Durmuşyň iň soňky demi – gyjagyň sesi kesilensoň Kümüşguýrugyňam haly barha haraplaşdy. Ol indi agzyna däne tutdurylsa-da, ony bada-bat ýuwutman, gyjagyň sesini eşitjek bolup, diňşirgenýärdi. Gulaklaryny gaýçylandyryp üşerilýärdi. Soňam tukat ýagdaýda nazaryny uzaklara dikýärdi. Bu boluş meni diýseň gynandyrýardy. Ýöne edip biljek zadymam ýokdy.

“Kör gyjakçy ysgynsyz ýatyr” diýlen habardan soň Gülsün eje meň “işläp” alýan bir ýanawuç dänämi gaýnadyp, oň ň gylla ýarysyny gyjakça eltip berýärdi. Sebäp häzir gyjagyň sesi bar zatdan beter gerekdi. Ýöne ambarçy barha turşusyny depesine çykarýardy. Şu gün ol, arkasyny gaşap bolamsoň şeý diýdi.

– Gel indi, aýagymam ýuwup ber…

Şol gün men ambarçynyň diýenini etmämsoň öýe boş barmaly bollum. Gülsün eje sypaýyçylykly ýüzümi dalapdy.

– Alnyňdan Gün dogmuş, özüň iýdiňmi?!

Ertesi ýene şeýle ýagdaý gaýtalandy.

– Çuwalyň bugdaýdan dolmuş, ýene hemmesini iýäýdiňmi! Görýäň-ä o ýerde gyjakçy güýlünip ýatyr, bu ýerde-de bi janawar. Haý, ýeňsäň gursun…

Ol şeý diýip hamsykdy.

– Öwkge, häzir gaýrat edeli… Ynha bahym sygyrymyzam guzlar. Onsoň köpük ýalarsyň. Häli görseň, doýdum diýip, ýüzüňem sowarsyň. Indi beri iýmejek bol…

Agşam men bet hyýala mündüm. Ýöne ambarçynyň aýagyny ýuwmajagym çynymdy. Şol gije ýatyp bilmedim. Gülsün eje-de ýatmady. Men her gezek uklap bilmän eýläk-ýebläk agdarlamda oň:

– Oglanlar gelinçä Alla abraý bereweri- diýýän pyşyrdysyny eşidýärdim.

Obamyzyň ilersinde bazarjyk bardy. Bazarda her kim özüniň artyk-süşügini satýardy. Men heýbir däne-düýne tapylmazmyka diýip, gowurga satýanyň ýanynda saklandym. Gowurgaň ysy janyňy alyp barýardy.

Meniň gazanda gowrulyp duran ujypsyzja gowurga seredip, aňalyp duranymy görüp, gowurgaň eýesi hyrsyz gürledi.

– Baraýt, Durdygulyň gaýňy ýaly aňalyp durma-da, git…

Gidiberjek bolamda ol meni saklady.

– Dur hany, belki men saňa az-owlak gowurga emlärin. Ýöne sen birnemejik ýadamaly bolarsyň. Göwräňä çeýeje, belki güýjüň ýeter.

– Ýeter…

Ol meniň çepiksizje göwräme seretdi.

– Özüň-ä mütüje görünýäň… Han-ha, ho haltalary ho ýana elt.

Haltalar agyrdy, onda-da, gaty agyrdy. Men olary itekleýärdim, süýreýärdim, arasynda-da hamsygýardym. Erkek oglan bolamsoň gözýaşymy görkezmejek bolýardym. Oňaranok diýip hojaýynyň kowaryndan gorkýardym. Gowurga eýesem meň işleýşimi görüp käte şeýle sözleri aýdardy.

– Işläber, işläber, bu saňa peýda bolar, dünýä ir düşünersiň…

Şol gün meň endam-janym agyrdy. Ýöne bu ýerde ýadasamam kemsidilme ýokdy. Işiň soňunda ol meň elime bir köne düwünçek tutdurdy. Eýýäm men hyýalymda gowurganyň bir üýşmegini Kümüşguýruga, ýene bir üýşmeginem kör gyjakça berjegim hakda göwün ýüwürdýärdim. Hemem ýene-de kör gyjakçynyň adamlary ýaşaýşa çagyrýan zaryn owazynyň eşidiljegine begenýärdim. Belki, Gülsün eje maňa-da azajyk emlär.

Özümiň gaty ýadap alan gowurgamy daşyndan synlamak üçin ony goltugymdan çykaranymam şody welin, gapdaldaky köneje öýüň kölegesinden ysgynsyz  ses eşidildi.

– Kimsiň…

Men sesimi çykarman diňşirgendim. Soň ýene öňküsindenem ejiz ses  gaýtalandy.

– Kimsiňiz…

Köneje kepbäň kölegesinde gyzyl eteneje çagany ýanap ýatan hortap göwre göründi. Ene göwsüni süýem barmagydyr orta barmagy bilen berk gysyp, ondan nem çykarjak bolýardy. Ýöne gurap giden türşek ýaly göwüsden zat çykmaýan borly, bäbäjik dodajyklaryny tamşandyryp çyr-çyr aglaýardy.

Ene göwüslerini ýene taýly gezek gysyp birzatlar, bolmanda, ýekeje damja öl çykarjak bolup biderek azap çekýärdi. Ol meni görüp, ysgynsyz dodaklaryna çalaja ýylgyryş alamatyny çaýdy. Soňam bäbejiginiň ýüzüne mähirli garap ýalbarýan ýaly gepledi.

–  Üç-dört gün bäri dişimiň kirini açmamsoň göwsüme süýt inenok… bujagazym, täze bolly… Özem oglanjyk… – Ysgynsyzam bolsa enäniň sözünde buýsanç owazy ýaňlandy –  Heý, çeýnär ýaly birzadyň ýokmy ýüwürjim…

Dünýäniň iň täze adamsy – ýaşajyk gumly, entek doly daşynyň çarasy guramadygam bolsa, dünýeden narza ýaly, henizem aglaýardy. Men elimiň goltugyma nähili uzanyny bilmedim. Ýaş ene düwünçegi görüp gultundy. Soňam “Bir goşawuja bar bolsa gerek” diýip, gowuşgynsyz seslendi. Men azap baryny göremsoň, öz zähmedimi kemsidesim gelmän dillendim.

  • Özem, uly gowawuç diýsene…

Ene özüniň hortap barmaklary bilen düwünçegi çözmäge başlady. Halys ysgynynyň gidenindenmi-nämemi, berk daňylan düwünler çöşdürmänsoň, ol dişi bilen çöşmäge durdy.

Köne düwünçegiň içinden onuň özündenem köne ýene bir düwünçek çykdy. Şo demem gowrulan gowurganyň ysy ikimizem tamşandyrdy. Zenan gowurga elini uzadyp, iýjek bolanda men saklanyp bilmän gygyrdym. Onda-da gaty gygyrdym.

– Iýmäň!

Ol meň sypjyrym-sypjyrym bolan ýüzüme seredip aňaldy. Ýöne saňgaty barmaklary bilen gowurgaly düwünçegi özüne tarap berk gysdy.

  • Näme…

Soňam ol saçbagysynyň ujundaky gyrany dişi bilen çözjek bolup, kösendi.

  • Men muny mugtyna dilämok… Alyň, ejem görgüliden galan ýeke-täk ýadygärlikdi…

Ol şeýdip öküziň gözi ýaly apbak gyrany maňa uzatdy.

–  Özem sap kümüşdendir…

Gyranyň ýüzünde sag penjesi bilen gylyç tutup duran äpet ýolbarsyň şekili bardy. Men gyrana elimi uzatman agladym. Özem kän agladym. Ýap-ýaňy azap baryny çekip işlämde-de beýle aglamandym. Häzir bolsa aglasym gelýärdi.

  • Näme az gördüňmi… Dur entek men, ýene sermeneýin, bir zatlar tapylmazmyka…

Ol şeý diýip, gyňajynyň ujundaky pişme şekilli gyňaçujyny ýolup onam uzatdy.

Soň ol meniň elden-aýakdan çykyp aglaýanymy görüp, dözmez ýürek bilen bagryna basdy. Soňam ogluny uzak ýola ugradýan garabagyr enäniň edişi ýaly maňlaýymdan ogşady.

Men özümiň bimany ömrümde gaty köp zatlara duçar bolupdym. Ýöne şo gezekki ýaş enäniň maňlaýymdan ene hamraklygy bilen ogşaşy ýaly hiç bir zenan öpmändi.

  • Weý, weý, sen uly adama, heýem uruş döwrem bir aglarlarmy… Biz bärde aglasak, oglanlar gelenlerinde näme diýerler…

Men öňküdenem beter agladym. Meň aglaýanymy görüp ýaş enede hamsykdy.

– Bolýa, maňa hiç zat gerek däl… Özüm oňaryn-la. Ýöne süýdüm inip, şujagazymyň garynjygyny doýraýjakdym…

Ol hem-ä şu sözleri aýdýardy hemem çagajygynyň ýüzüne seredip, elindäki düwünçegi berk bagryna basýardy.

Soň men oňa bar zady düşündirdim. Gowurganyň bir üýşmegini kör gyjakça eltmelidigini, ýene bir bölejiginiň garry baýtalyňky bolmalydygyny, galanynyňam oňa bäbejigiň paýydygyny aýtdym.

Ýaş ene gowurgany dogry üçe bölüp, iň uly üýşmeginiň garry baýtalyňkydygyny aýtdy. Soňky ulurak bölegem kör gyjakçynyňkydygyny ýaňzytdy. Iň kiçisinem öz öňüne süýşürdi.

  • Garry baýtal aýak üsüne galsa, biziň barymmyz galarys… Ol ýykylmaly – büdremeli däldir… Eger Gyrat entejik ýaşap ýören bolanda, türkmeniň Göroglusy häzirem ýaşar ýörerdi…

Ol şeý diýip agyr dymdy. Soňam ýene gürläp başlady.

  • Kör gyjakçy il-güne ýaşaýşyň dowam edýändigini buşlaýar – Oňa-da, gowurganyň uly bölegini bermeli. Häzir adamlaryň ýüregine teselli berýän zat gerek. Türkmeniň sazy kesilmesin…

Soň ol geplemän sägindi… Oňa derek meň samsyk başyma akyl gelen ýaly bolly.

  • Siz uly üýşmegi almaly, sebäp siz ene… ýaşaýşy köpeltmeli, ýogsam öňem biz – türkmen az-a…

Ene gözýaşlaryny zordan saklady.

  • Mürehediň üçin Taňryýalkasyn ýüwürjim…

Ol gowurgany çümmükläp alyp çeýnemäge başlady. Elbetde,  köp çeýnelse köpelýän ýaly bolýandyrda.  Men oň iýşine seretmejek bolýardym, ýöne barybir seredýärdim.

  • Ýaňky agyr haltalary eýläk-beýläk süýşürýän senmidiň? Men bu ýerden barysyny görüp ýatyryn. Baý azap çekdiň-ä. Gowurg-a gyzgynjak eken…

Soň ol sesini çykarman, beýlesine öwrüldi-de çagasyny ýanady. Az salymdan çagajygyň düwünip sokjaýan sesi eşidildi. Aýybam bolsa meň ony synlasym gelýädi. Sebäp bi pursat az salymjygam bolsa behişdi durmuş ýaly owadandy.

Soň ol hiç zat geplemedi. Töwerek imi-samalyga öwrüldi. Bäbejigiň hezil edip sokjamasyndan başga hiç hili ses eşidilenokdy.

Han-ha indem ol – göwsi bilen uly dünýäni kemala getiren ene gidip barýar. Özem ol birzatlara hiňlenýän ýaly.

Gidip otursam, gidip otursam,

Dünýede uruş-sögüş bolmasa.

Çagamam kükregimiň üstünde össe,

Ýollar gutarmasa…

Ýollar gutarmasa…

 

Heý, şeýle halkam ýeňip bolarmy…

***

Men bu zatlaryň baryny – ammarçynyň özümi kemsidenini, iki günläp işsiz selpänimi, bäbejigi hem ýaş enäni Gülsün ejä gürrüň bererin. Hemem haçan-da bir wagt mennen “Eý, dünýedäki ölüp-ýitip gidýän adamlaryň iň bir bihepbesi. Heý, seň dünýede nebsiň agyran ýeriň bollumy?” diýip sorasalar, şeýle sözleri aýtjagymy aýtdym.

“Ho-ol tupanly gara gyşda, enä bir ýanawuç gowurgany uzadypdym”.

                                                                                  Öwezmyrat ÝERNENDI.

                                                                                    

 

Ýene-de okaň

Ene hakynda hakykat

Ýylçyr dagynyň aýdymy

Süýji düýş

Ýazlagda

Pahnany paýha aýyrýar

Enebeýigiň aňyrsynda Gün görünýär