Belli hytaý aktýory Brýus Liniň gyzy Şennon Liniň şikaýat etmegi bilen Golliwudyň täze, özi hem juda üstünlikli işleriniň biri bolan «Bir gün Golliwudda» atly filmiň görkezilişi togtadyldy. «The Hollywood Reporter» neşiriniň ýazmagyna görä, Hytaýyň kino işleri boýunça müdirligine filmde kakasy bilen bagly sahnalaryň özgerdilmegini sorap ýüz tutupdyr. Onuň pikirine görä, reŽissýor Brýus Lini aşa tekepbir adam hökmünde görkezipdir.
Loenardo Di Kaprio, Bred Pitt we Margo Robbi ýaly ýyldyzlaryň surata düşen filminiň 25-nji oktýabrdan başlap, Hytaýda-da görkezilmegine garaşylýardy. Emma filmiň görkezilişi nämälim wagta çenli togtadyldy.
Şu ýylyň awgust aýyndan bäri 366 million dollar girdeji getiren filmiň Hytaýda hem azyndan 50 million dollar gazanmagyna garaşylýardy. Ýöne ony dörediji kinokompaniýalaryň bu maksady häzirlikçe diňe maksatlygynda galýar.