TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Bir gijede millioner boldy

Tanzaniýada ýaşaýan magdançy, ýurduň iň uly iki tanzanit daşyny hökümete satandan soň bir gije millioner boldy.

Tanzaniýada ýaşaýan Saniniu Laizer atly magdançy dünýädäki iň gymmatly magdanlaryň biri hökmünde görkezilen iki sany tanzanit daşyny tapdy. Ol jemi 15 kilograma deň bolan bu iki daşy ýurduň Magdan ministrligine 3,4 million dollara satdy.

30-dan köp çagasy bolan Laizer gazanan bu puly bilen mekdep hem-de söwda merkezini gurmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.  4 sany aýaly bolan tanzaniýaly magdançy öýüniň golaýynda öz adyny göterýän bir mekdep gurdurmakçy bolýandygyny mälim etdi.

Ýurduň Prezidenti Jon Magufuli hem ýerli magdançy bilen telefon söhbetdeşligi geçirip, ony tapan gymmat bahaly daşlary bilen gutlady.

TANZANIT DAŞY

Tanzanit daşy ýurduň demirgazyk böleginde duş gelinýär. Ýaşyl, gyzyl, gök we gülgüne renkde bolan bu daş bezeg harytlaryny ýasamak üçin ulanylýar. Daşyň bahasy reňkine we reňkiniň aýdyňlygyna görä üýtgeýär.

Gymmat bahaly daş hökmünde tanalýan tanzanit daşy, 1967-nji ýylda Tanzaniýada tapyldy we oňa tanzanit daşy diýlip at berildi. Tanzanit, zoizit daşynyň seýrek duş gelýän bir görnüşidir. Düzüminde kalsiý, alýumin, kremniý, kislorod we wodorod we gaty az mukdarda demir, marganes, magniý, hrom, natriý ýaly magdanlar bar.

Dürli burçdan seretseň, daşyň 3 dürli reňkiniň bardygyny görmek bolýar. Has ýagty ýerde görlende, gök we gyrmyzy reňkleriň arasynda reňk üýtgäp durýan ýaly bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle